Allaýar Şirliýew Abu-Dabidäki küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy

Türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew Abu-Dabide (BAE) geçirilen 32-nji Halkara küşt festiwalynyň çäginde Open A ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Festiwal 15 — 24-nji awgust aralygynda geçirildi. Aşgabatly türgen şweýsar ulgamy boýunça geçen ýaryşda mümkin bolan 9 utukdan 8-isini ýygnady.

Şirliýew ýaryşda ýedinji belgi bilen çyky...

Dowamy »

84 0
Sport, 1 month ago


Türkmenistanda ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bir aýlyk başlar

1-nji sentýabrdan başlap, Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bir aýlyk başlanar. Şeýle çäre eýýäm on ikinji gezek badalga alar.

Bu ýyl çäre «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» şygary astynda geçirilýär.

Bir aýlygyň çäginde ministrlikler we degişli edaralar sürüjiler...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, 1 month ago


Serdar Berdimuhamedow Serbiýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutany ýurtlaryň arasyndaky...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, 1 month ago


Dünýä ummany ilkinji gezek 21,1 gradusa çenli gyzdy

22-nji awgustda Dünýä ummanynyň üstüniň ortaça günlük temperaturasy rekord derejä — 21,1 gradusa ýetdi. Bu barada Ýewropanyň klimatyň üýtgemegi baradaky «Copernicus» gullugy habar berdi.

Mundan öňki iň ýokary görkeziji — 21,09 gradus — 2024-nji ýylyň mart aýynda hasaba alnypdy.

Täze görkeziji 2023-nji ýylda goýlan awgu...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, 1 month ago


Gurbanguly Berdimuhamedow Tokaýewi Gurultaý saýlawlarynyň şowly geçmegi bilen gutlady

25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň...

Dowamy »

68 0
Täzelikler, 1 month ago


Pardaýewa, Rahymow we ýene 8 türkmen dzýudoçysy Lozannadaky ýaryşa gatnaşar

Türkmenistandan Maýsa Pardaýewa, Serdar Rahymow we ýene sekiz dzýudoçy 28 — 30-njy awgust aralygynda Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçiriljek Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar. Ýaryş 78 ýurtdan 532 türgeni jemlär.

Ýaryşda Türkmenistana wekilçilik edýän türgenler:

Erkekler: Ural Bagtyýarow, Ygtyýar Gurbanberdiýew (60 kg),...

Dowamy »

87 0
Sport, 1 month ago


Hindistan zergärçilik önümleriniň ýyllyk eksportyny $100 milliarda ýetirmegi maksat edinýär

Hindistan gymmatbaha daşlaryň we zergärçilik önümleriniň eksportyny 2040-njy ýyla çenli 100 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär. 2025–2026-njy maliýe ýylynda bu görkeziji, takmynan, 28 milliard dollara barabar boldy.

ANI agentliginiň habar bermegine görä, ýurduň hökümeti şol 100 milliardlyk sepgide goşulan gymmaty ýokary bolan...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago


Ýok, bu iPhone däl: Insaýder Galaxy S27 Ultra-nyň dizaýnyny görkezdi

Ice Universe lakamy bilen tanalýan insaýder «Samsung Galaxy S27 Ultra-nyň» soňky dizaýnynyň CAD-çyzgylaryny ele salandygyny nygtaýar. Onuň aýtmagyna görä, işläp taýýarlamagyň bu tapgyrynda smartfonyň daşky görnüşini düýpli üýtgetmek eýýäm giç, şol sebäpli hem neşir edilen maglumatlar flagman smartfonyň ahyrky dizaýnyny görkezip biler.

...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, 1 month ago


Howa şertleri Hytaýyň «Çane-7» Aý missiýasynyň uçuşyna böwet boldy: ol 2027-nji ýyla süýşürildi

Hytaý Aýyň günorta polýusyna uçup, ol ýerde suw buzunyň bardygyny barlamaly bolan «Çane-7» (Cháng'é qīhào) Aý missiýasynyň uçurylyşyny soňa goýdy.

Uçuş 24-nji awgusta meýilleşdirilipdi, ýöne howa şertleri sebäpli missiýa şu ýyl uçurylmaz diýlip, Hytaýyň Dolandyrylýan kosmos uçuşlary maksatnamasy edarasynyň (CMSA) beýanatynda aýdylýar...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago


Hytaýda awtoulaglaryň günde 3-4 sanysy tanyşdyrylýar: täze modeller üç aýda «könelýär»

Hytaýyň awtoulag bazarynda 2026-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 542 sany täze ýa-da täzelenen modeliň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu günde ortaça 3,6 ulag görkezilendigini aňladýar. Şeýle maglumatlary BYD kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti He Çžiçi getirýär.

Onuň aýtmagyna görä, köp modeller eýýäm birnäçe aýdan soň täze ulag...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, 1 month ago


Şawkat Mirziýoýew Trampa iki sany milli özbek eýwanyny sowgat berdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew amerikan kärdeşi Donald Trampa iki sany eýwan sowgat berdi. Bu barada The New York Times neşiri habar berýär.

​Agaç eýwanlar eýýäm Waşingtona elitildi we olary Trampyň «Amerikan gahrymanlarynyň milli seýil bagyny» döretmegi meýilleşdirýän West-Potomak seýilgähinde gurnap başladylar.

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 1 month ago


Hindistan bugdaý eksportyna goýlan gadagançylygy ýatyrdy

Hindistan dört ýyl bäri bugdaý eksportyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Bu karar dünýä bazaryndaky üpjünçiligi artdyryp, däne importyna garaşly ýurtlaryň üstündäki ykdysady basyşy gowşadyp biler.

​Hindistanyň Daşary söwda meseleleri boýunça baş müdürliginiň duşenbe güni beren beýanatyna görä, eksporta rugsat derhal güýje girdi. Çäkle...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, 1 month ago


Serdar Berdimuhamedow Bangladeşiň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Mirza Fahrul Yslam Alamgiri Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Mirza Fahrul Islam Alamgire tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Ba...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, 1 month ago


Maradonanyň geçiren dawaly golundaky top $3,3 milliona satyldy

Diego Maradonanyň futbol taryhyna «Hudaýyň eli» ady bilen giren golundaky Adidas Azteca topy ABŞ-da geçirilen auksionda 3,3 million dollara satyldy. Ilkibaşda onuň, takmynan, 10 million dollara geçjegine garaşylýardy.

Heritage Auctions auksion öýi bu topy «özboluşly» we «futbol dünýäsindäki iň ähmiýetli ýadygärlik» hasaplaýar.
...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, 1 month ago


ABŞ-da sportzala gidendäki ýaly täsir galdyrýan derman serişdesi döredildi

ABŞ-da bedene işjeň türgenleşik ýaly täsir edýän ENV-308 atly täze derman serişdesi synagdan geçirilip başlandy. Ol gerdejik görnüşinde öndüriler.

Enveda kompaniýasynyň hünärmenleri esas hökmünde Lac-Phe molekulasyndan peýdalandylar. Adatça, bu madda işjeň hereket wagtynda bedende özbaşdak emele gelip, beýnä iýmäge bolan islegi pesel...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistan bilen Hytaý oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabadyň «Arçabil» myhmanhanasynda oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine bagyşlanan türkmen-hytaý duşuşygy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşyk Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Halk hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, 1 month ago


«Adilet» partiýasy Gazagystanyň Gurultaýynyň saýlawlarynda 70%-den gowrak ses aldy

«Adilet» partiýasy Gazagystanyň täze bir palataly parlamenti bolan Gurultaýyň ilkinji saýlawlarynda sesleriň 71,17%-ni gazandy. Deslapky netijeleri 24-nji awgustda ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Nurlan Abdirow mälim etdi.

23-nji awgustda geçirilen saýlawlara ýedi partiýa gatnaşdy. Bäş göterimlik böwetden geçmek syýasy güýçle...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, 1 month ago


Papa Lew XIV Türkmenistandaky katolik wekilhanasynyň täze ýolbaşçysyny belledi

Rim Papasy Lew XIV polşaly ruhany Pawel Ýanuş Kubýagy Watikanyň Türkmenistandaky sui iuris katolik wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy edip belledi. Bu barada Watikanyň metbugat gullugyna salgylanyp, «Vatican News» agentligi habar berdi.

Kubýak bu wezipede wekilhanany 1997-nji ýylda esaslandyrylaly bäri, tas 30 ýyl dolandyran tagsyr Anjeý...

Dowamy »

68 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary tamamlandy

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi tamamlandy. Okuw mekdeplerinde giriş synaglary 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda döwlet toparynyň hem-de jemgyýetçilik gözegçiliginiň astynda guramaçylykly we adalatly geçirildi.

Şu gezek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniw...

Dowamy »

106 0
Bilim, 1 month ago


Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze ilçisini kabul etdi

Şu gün, 24-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň Türkmenistandaky täze bellenilen ilçisi Petra Dahtleri kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatlaryny gowşurdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Petra Dahtler Türkmenistanyň Prezidentine kabul edendigi üçin hoşallyk bildird...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanda metan zyňyndylaryny zyýansyzlandyrmak üçin bioserişde döredildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamowyň we biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda toprak örtüginde metanyň zyňyndylaryny netijeli zyýansyzlandyrýan täze nesil bioserişdesini döretdi.

Serişdäni işläp düzmekde...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, 1 month ago


Robotlaram duýgur boljak: olar üçin ýörite deri döredildi

Öň ynsanpisint robotlar dünýäni diňe «elleri» bilen duýýardylar, ýagny duýgurlyk sensorlary esasan olaryň aýalaryna we barmak uçlaryna oturdylýardy. Emma Hanwei Technology we Zhuoyide kompaniýalary bu ýagdaýy üýtgetmegi ýüregine düwüp, robot bedeniniň ähli ýerine diýen ýaly galtaşmalary duýmaga mümkinçilik berýän elektron deri döretdiler.

Dowamy »

93 0
Tehnologiýa, 1 month ago


Şweýsariýa türkmenistanly ýaş alymlar üçin döwlet talyp haklaryna arzalary kabul edip başlady

Şweýsariýanyň Hökümeti 2027–2028-nji okuw ýyly üçin döwlet talyp haky maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady.

Talyp haklaryna Şweýsariýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag institutlarynda ylmy barlaglary geçirmek ýa-da doktoranturada okamak isleýän türkmenistanly ýaş hünärmenler dalaş edip biler...

Dowamy »

105 0
Bilim, 1 month ago


Singapur maşgalalara her çaga üçin 55 müň dollar wada berdi

Singapur çaga dogluş görkezijileriniň rekord derejede pese düşendigi sebäpli, maşgalalary goldamak bilen bagly çäreleri giňeldýär. Ýurduň Premýer-ministri Lourens Wong çaga üçin niýetlenýän kömek pulunyň artdyryljakdygyny we ýaşaýyş jaý almak üçin ýeňillikleriň dörediljekdigini yglan etdi diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.

​Täz...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, 1 month ago


Geýmerler Sony kompaniýasyna gahar edip, bir hepdeläp PlayStation oýnamakdan ýüz öwürýär

Sony kompaniýasynyň 2028-nji ýyla çenli täze oýunlary diskde çykarmakdan ýüz öwürmek baradaky karary PlayStation eýelerinde nägilelik döretdi. Bu karara jogap edip, DoesItPlay oýun bileleşigi #PSBlackout aksiýasyny yglan etdi we oýunçylary bir hepdeläp Sony ekoulgamyndan peýdalanmazlyga çagyrdy.

Boýkot bir hepde, 23-30-njy awgust ara...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago