Aýda energiýa, aragatnaşyk we ýagtylyk üçin niýetlenen 100 metrlik ýedi diň oturdylar

Illinoýs uniwersitetiniň talyplary NASA bilen hyzmatdaşlykda geljekde Amerikanyň Aýda guruljak bazasy üçin infrastruktura taslamasyny döretdiler. Olar elektrik energiýasyny almak, aragatnaşygy üpjün etmek, ýük daşamak we Aý baýlyklaryny çykarmak üçin Ýeriň hemrasynda uly kömekçi stansiýa ýerleşdirmegi teklip edýärler diýip, Phys.org habar berýär.<...

Dowamy »

126 0
Täzelikler, 6 months ago


Toyota her 100 km-e 6,3 litr ýangyç sarp edýän Alphard miniweniniň “altyn çaýylan” görnüşini hödürledi

Toyota kompaniýasy Alphard miniweniniň iki sany täze görnüşini - Exquisite Golden Edition-i we Ultimate Golden Edition-i hödürledi. Modeller altynsow reňkli kuzowy we üýtgeşik dizaýny bilen tapawutlanýar. Täze miniwenleriň bahasy degişlilikde 125,4 we 126,8 müň dollar diýip, Speedme ýazýar.
Miniwenleriň interýerinde altyn öwüşginler, agaç...

Dowamy »

137 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Tibetde güýçli ýer yrandy

HHR-iň Tibet awtonom etrabynyň Nepal we Hindistan bilen serhedinde güýji 6,5 bala deň bolan ýerasty sarsgyn hasaba alyndy diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
Ýerasty sarsgynyň merkezindäki güýji «ýumrujy» diýlip häsiýetlendirildi.
ABŞ-nyň Meteorologik gullugy onuň güýjüni 7,1 bal diýip bahalandyrdy. Netijede, etrabyň Tingri uezdinde 95...

Dowamy »

131 0
Täzelikler, 6 months ago


Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy hyzmatdaşlar bilen bilelikde Ýewropa giňişliginde başlangyçlary öňe sürýär

BMG tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy ýurduň bu başlangyjyny wagyz etmek üçin ýerli hyzmatdaşlar bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar. Bu başlangyç türkmen tarapynyň ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy ösd...

Dowamy »

127 0
Täzelikler, 6 months ago


Türkmenistanda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň önümçiligine girişildi

Türkmenistanyň «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda ilkinji gury ýük gämisiniň kilini goýmak dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen çärä werfiň ýolbaşçylygynyň we Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy – diýip, balkanshipyard.com.tm saýtynda habar b...

Dowamy »

136 0
Täzelikler, 6 months ago


Galaxy Unpacked 2025: Samsung bilen tanyşdyrylyşy Türkmenistanda haçan we nirede görüp bolar

Samsung Electronics Türkmenistanyň ilatyny 22-nji ýanwarda geçiriljek Galaxy Unpacked 2025 göni ýaýlymyna goşulmaga çagyrýar. Türkmenistanly ulanyjylar üçin amatly bolar ýaly habar berýäris: tanyşdyrylyş Aşgabat wagty bilen agşam sagat 23:00-da başlanar.
Türkmenistanyň ilaty tanyşdyrylyşy Samsung kompaniýasynyň resmi YouTube kanalyndan (yout...

Dowamy »

159 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Türkmenistan Saud ösüş gaznasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen duşuşygyň dowamynda maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de...

Dowamy »

127 0
Täzelikler, 6 months ago


«Goturdepe» buraw işleri müdirligi tarapyndan täze guýularyň 12-siniň gazuw işleri tamamlandy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginde 2024-nji ýylda täze guýularyň jemi 12-siniň gazuw işleri tamamlanyp, meýilnama abraý bilen hötde gelindi. Guýularyň 9-sy ulanyş maksatly bolup, häzirki günlerde uglewodorod çig mallaryny bolluk bilen eçilýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar...

Dowamy »

138 0
Täzelikler, 6 months ago


Görogly etrabyndaky galla önümleri kärhanasynda 30 müň tonna golaý un öndürildi

«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Görogly etrabyndaky galla önümleri kärhanasynda 2024-nji ýylda önümçiligiň ähli ugurlary boýunça oňat görkezijiler gazanyldy. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, bu ýerde ýylyň dowamynda jemi 23 million 350 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen berja...

Dowamy »

134 0
Täzelikler, 6 months ago


WSJ: uçuşlaryň sanynyň artmagy bilen ýakynda ABŞ-nyň kosmodromlarynda dykyn dörär

Islegleriň artmagy we uçuşlaryň sanynyň köpelmegi bilen ýakyn ýyllarda ABŞ-nyň kosmodromlaryna aşa agram düşer diýip, The Wall Street Journal neşiri habar berýär.
2024-nji ýylda uçuşlaryň görlüp-eşidilmedik mukdary hasaba alyndy (150-den gowrak), olaryň aglabasy üç meýdançada amala aşyryldy. Florida ştatynyň Kanaweral burnunda ýerleşen uçuşl...

Dowamy »

121 0
Täzelikler, 6 months ago


Xiaomi SU7-niň bagažynda janly balyk daşap bolýar: muny iş ýüzünde barladylar

Xiaomi "SU7-niň" öňdäki bagažynda gündelik durmuşda peýdalydygyny tassyklady: ol janly balygy daşamak üçin hyzmat edip bilýär diýip, IXBT ýazýar.
SU7-niň ýük ýeriniň bu özboluşly funksiýasy barada Xiaomi-niň ýolbaşçysy Leý Szýun köpçülige mälim etdi. Ol elektromobili satuwa goýbermek boýunça maslahatda yzky ýük goýulýan ýerden yslaryň salona...

Dowamy »

139 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Microsoft "OpenAI" bilen baglanyşykly maglumat merkeziniň gurluşygyny togtatdy

Microsoft ABŞ-nyň Wiskonsin ştatyndaky Maunt-Pleasant obasynda ýokary derejeli aňyň döredilmegi bilen baglanyşykly gurulýan giň gerimli maglumat işleýiş merkeziniň gurluşygynyň bir bölegini togtatdy.
Kompaniýa gurluşygyň birinji tapgyryna eýýämden başlapdy, ýöne häzirki wagtda gurluşygyň ýagdaýyny täzeden seljermek maksady bilen ikinji tapgy...

Dowamy »

145 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Serdar Berdimuhamedow Saud Ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji dolandyryjysyny kabul etdi

7-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji dolandyryjysy Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda Saud Ösüş gaznasy bilen gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.
Türkmenistan köp ýyllaryň dow...

Dowamy »

142 0
Täzelikler, 6 months ago


Serdar Berdimuhamedow Hytaýda bolup geçen ýertitreme zerarly Si Szinpine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hök...

Dowamy »

152 0
Täzelikler, 6 months ago


Xiaomi akylly gantelleri çykardy: ol agyrlygy üýtgedip bilýär, gaýtalanýan hereketleriň sanyny we kaloriýalary hasaplaýar

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy akylly Mijia Smart Dumbbell gantellerini tanyşdyrdy. Bu fitnes enjamy kaloriýa hasaplamak, gaýtalanýan hereketleriň sanyny sanamak bilen bir hatarda şahsy türgenleşikler üçin smartfona baglanyp bilýär.
Gantelleriň tutawajynda ýerleşdirilen ekranda gaýtalanýan hereketleriň sany, ýakylýan kaloriýa we türgenleşik wagt...

Dowamy »

162 0
Tehnologiýa, 6 months ago


NYT: Tramp kasam kabul ediş dabarasy üçin rekord 200 mln dollar toplady

Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soň Donald Tramp öz kasam kabul ediş dabarasy üçin 200 million dollardan gowrak haýyr-yhsan toplady diýip, New York Times ýazýar.
Şol bir wagtyň özünde gazet çeşmelere salgylanyp, Trampyň kasam kabul ediş dabarasy bilen meşgullanýan diňe bir komitetiň donorlardan azyndan 150 mln dollar ýygnandygyny we...

Dowamy »

153 0
Täzelikler, 6 months ago


Belarus Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

7-nji ýanwarda Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda wezipä täze bellenen ilçisi Stanislaw Çepurnoý Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Serdar Berdimuhamedow Stanislaw Çepurnoýy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Belarusyň doly ygtyýarly wekilin...

Dowamy »

134 0
Täzelikler, 6 months ago


Şweýsariýa ilatyň garramagyna uýgunlaşmak boýunça reýtingde birinji orny eýeledi

Amerikaly we singapurly alymlar haýsy ýurtlaryň ilatyň garramagyna has gowy uýgunlaşýandygyna baha berdiler. Gözleg 143 ýurdy öz içine alyp, demografiki üýtgemelere taýýarlyk derejesinde düýpli tapawutlary ýüze çykardy. Iň gowy görkezijiler Şweýsariýa degişli boldy diýlip, Nature Aging žurnalynda neşir edilen ylmy işde aýdylýar.
Bahalandyrma...

Dowamy »

164 0
Täzelikler, 6 months ago


2024-nji ýylyň wagtyna has jür awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň reýtingi düzüldi

Awiasion seljeriş kompaniýasy Cirium 2024-nji ýylda dünýäniň işini öz wagtynda ýerine ýetiren awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň ýyllyk reýtingini hödürledi. Öňdebaryjylar Meksikanyň Aeromexico awiagatnadyjysy we Er-Riýadyň howa menzili boldy diýip, CNN habar berýär.
Reýting boýunça tertipden gyşarma 15 minutdan köp bolmaly däldi.

Dowamy »

146 0
Täzelikler, 6 months ago


Toyota Land Cruiser Prado 250 heläkçilik synaglarynda iň ýokary bahany aldy

Toyota Land Cruiser Prado 250 ANCAP heläkçilik synaglarynda (kraş-test) iň ýokary baha aldy. Wnedorožnik bäş ýyldyz bilen sylaglandy diýip, Youtube-yň 4Drive Time kanaly habar berýär.
ANCAP Awstraliýanyň Awstraliýada we Täze Zelandiýada ulaglaryň howpsuzlygyny bahalandyrýan guramasydyr. Guramanyň hünärmenleri 204 at güýjüni öndürýän we 8 tiz...

Dowamy »

144 0
Tehnologiýa, 6 months ago


“Ýaş, owadan hem mähirli”: Braziliýaly zenan dünýäde iň garry adam diýlip ykrar edildi

Dünýäde iň garry adam adynyň täze eýesi hökmünde Braziliýadan zenan monah Ina Kanabarro Lukas resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berdi.
Bütin dünýäde uzak ýaşaýan adamlary yzarlaýan LongeviQuest guramasynyň maglumatlaryna görä, Kanabarro 1908-nji ýylyň 8-nji iýunynda Braziliýanyň günortasynda uly maşgalada d...

Dowamy »

154 0
Täzelikler, 6 months ago


Gemini Live "ýüzýän panelini" Windows wezipeler sanawyna goşmak meýilleşdirilýär

Google "Gemini Live" wirtual kömekçisini Windows operasion ulgamynyň wezipeler sanawyna goşmagyň üstünde işleýär. Munuň özi ulanyjylaryň emeli aňyň tekst döretmek, terjime we maglumat gözlegi ýaly funksiýalaryna gönüden-göni wezipeler panelinden girip biljekdigini aňladýar diýip, TechRadar habar berýär.
Ozal Gemini Live diňe ykjam programmad...

Dowamy »

159 0
Tehnologiýa, 6 months ago


2025-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek sergileriň, forumlaryň, maslahatlaryň sanawy (senesi)

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy resmi saýtynda 2025-nji ýylda ýurdumyzda guraljak forumlaryň, maslahatlaryň we sergileriň sanawyny çykardy.
Ýylyň dowamynda geçiriljek forumlaryň, maslahatlaryň we sergileriň meýilnamasy şulardan ybaratdyr:
— Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly maslahat – 18-nji fewral;...

Dowamy »

154 0
Täzelikler, 6 months ago


Hytaýyň ýokary tizlikli demirýol ulgamy uzynlygy boýunça rekord goýdy

Hytaýyň ýokary tizlikli demirýol ulgamynyň umumy uzynlygy rekord 47 müň kilometre ýetdi. Bu barada Hytaýyň milli demirýol edarasy habar berýär.
HHR-iň demirýol ulgamynyň umumy uzynlygy, takmynan, 162 müň kilometre barabar. Ýokary tizlikli relsleriň paýy tas 30 göterime deň.
Hünärmenler şeýle giňelmäniň adamlaryň gatnadylmagyny we hary...

Dowamy »

140 0
Tehnologiýa, 6 months ago


Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

6-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkim...

Dowamy »

133 0
Täzelikler, 6 months ago