Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi. Ice Universe insaýderiniň berýän maglumatyna görä, Galaxy S26 Ultra modelinde öňki Galaxy S25 Ultra bilen deňeşdirilende 24 megapiksellik Expert RAW režimi düýpli üýtgedildi. Ol şekilleri işläp taýýarlaýan algoritmleriň, aýratyn-da portret suratlaryny düşürmekde ulanylýan programma üpjünçiliginiň täzeden işlenip düzülendigini habar berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir