Ejeme hat

Salam, eje.
Belkem, bu haty entekler ýazmaly däldim. Sebäbi gara bulutlaram tüýdülip bilýär käte... Men ýene-de duýgularyma aldandym öýdýän. Duýgularym, ýüregime dolan hasratym, belkem, maňa bu zatlary ýazdyryp oturandyr. Her näme bolsa-da, men maňlaýyma ýazylan ýazgyda kaýyl bolmalydygymy unutmajak boldum. Öz-özüme gaýta-gaýta şony ýatladyp...

Dowamy »

567 5
Edebiýat, 2 years ago


■■■■■■■

Pelek, gursagyňa serimi goýsam,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Alnyňda ýekirlen ýerimi goýsam,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!

Mähir — lagşan ýürekleriň söýesi,
Mätäç oňa ejizi hem çeýesi.
Men — halys müzzeren göwnüň eýesi,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!

Zar bolmasa agyz burn...

Dowamy »

571 7
Edebiýat, 2 years ago


DOSTUMA.....

(Dostum Sapa Hommadowa)

Şu gün ýüregim gysyp dur,
Daralyp barýar dünýämem.
Şeýle bir gürläsim gelýär,
Gelsene, özüň bilýäň-ä
Seni janymdan eý görüp,
Bar syrymy dözýänimi.
Men aýdaýyn, diňle senem
Duýgularmyň ezýänini,
Bulut jemlenip depämde,
Gün garasyn görmeýänim,
...

Dowamy »

675 15
Edebiýat, 2 years ago


Aglamaga tapylsady bahana...

Ölen söýgiň agysyny aglardym,
Aglamaga tapylsady bahana.
Ýüregime dözüp, oda daglardym,
Aglamaga tapylsady bahana.

Ahmyr ýaşy gursagyma siňip dur,
Ne-hä köşeşýär ol, ne-de diňip dur...
Bokurdakda bir uly daş doňup dur,
Aglamaga tapylsady bahana...

Sende diňe hasrat barmy, eý dü...

Dowamy »

600 15
Edebiýat, 2 years ago


“Derdim bar, aglama diýme!..”

Käsedäki çaýyň sowap gidipdir,
Sen çeýneýäň gara çaýyň şemmesin.
Hoşlaşdym-da turup gaýtdym ýanyňdan,
Men ýene-de aýdyp bilmän hemmesin.

Hem şol gije ýene ýatyp bilmedim,
Bir ahwalat ýüregimi çawrady.
Güllüje sandygma arkamy diräp,
Öz goşgymy özüm okap agladym.

* * *

Dowamy »

641 7
Edebiýat, 2 years ago


■■■

Maňa düşüniň! Ýok, düşünmäň!.. — bagtly boluň!..

Dowamy »

728 31
Sorag-jogap, 2 years ago


●●●

Göwnüne degseler, aglaýar çaga,
Aglanyňda bolsa, kinäň gutarýar.
Meňem käte aglaýasym gelip dur,
Ýaşym uly,
aglamaga utanýan...

G.Ezizow

Dowamy »

579 13
Sorag-jogap, 2 years ago


???

Geljegiňizi ap-ak arzuwlar bilen, güýçli yhlas bilen, süýji-süýji hyýallar bilen bina edip, soňam... bir-birden kerpiçlerini söküp gördüňizmi?..

Dowamy »

535 7
Sorag-jogap, 2 years ago


“Sesiňi eşitsem, serim sämemiş...”

Görüp bolsa, bagta sebäp kän eken, 
Geldiň — gussalarym öňküden ýuka. 
Uzak hasrat çekip boljak däl eken 
Ynjyjak sözleriň siňýärkä ruha. 

Gökden ýer peýleýän, bolup uçmakçy, 
Ýere hiç sygamok (ýalňyş oýlama!). 
Bedenim — dowzahlyk, köňlüm — uçmahçy, 
Gülüp, mugthor hasratlary jaýlaýan. 

Dowamy »

532 5
Edebiýat, 2 years ago


MAŇA

Maňa goşa şatlyk gerek dünýäde:
Kalbymam heýjana salmaz biri-hä.
Maňa goşa gussa gerek dünýäde,
Ýürek oňa çydam eder dirikä.

Maňa goşa aýlyk gerek,
bar wagty
Birini-hä sowýan öýe-de barman.
Maňa goşa bagt gerek,
bir bagty
Men şahyryň enesine az görýän.

Saýlaryn dü...

Dowamy »

457 2
Edebiýat, 2 years ago


...................

Bolgusyz piwo içerden, biderek çilim çekerden ömür has gysga, друзья мои!..

Dowamy »

710 23
Sorag-jogap, 2 years ago


“Bokurdagym dolup geldim ýanyňa...”

Huzuryňda boýnum buruk, mähriban,
Eziz käbäm, ýeňletsene dertlerim!
Ýüregimi tüýdüm-tüýdüm tüýtdi-le
Durmuş
çekerimden agyr dert berip.

Bokurdagym dolup geldim ýanyňa,
Aýyplaşma didelemden ýaş aksa.
Men düşünýän, ýazygym kän sanardan,
Ýöne senem düşün, käbäm,
Ýaşlyk-da!..
...

Dowamy »

502 2
Edebiýat, 2 years ago


________________

Utanç-haýa ýeke başyna bir gymmatlykdyr. Ýöne birentekleri çagalaryny utançsyz edip ýetişdirmek üçin ýörite alada edýän ýaly. Gyz çagalaryny sogan soýan ýaly edip köçä çykarýanlar öňi bilen olardaky uýat duýgusynyň işini görýändiklerini bilmeýärler. Uýat gitdimi birinde, onda adamçylyga degişli ähli zat gitdi diýmekdir...

Dowamy »

916 34
Sorag-jogap, 2 years ago


GÖWÜNLIK

Haýp, şat günleň geçişine sered-ä!..
Bu gün bolsa derdinmeli lukmana.
Wah, şonda-da, düşün, ýersiz-ýere kän
töhmet atyp oturma:ly ykbala.

Muny göre-göre gelýän durmuşam
Mundan beter pürkmäwersin awusyn.
Aý, nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam
Meňzemeýär ýelegine tawusyň.

Toýuň bolar...

Dowamy »

525 6
Edebiýat, 2 years ago


____________

Maňa: "Sen ýalňyş ýoldan barýaň" diýenler, näme üçindir, öňümden çykýar...

Dowamy »

605 10
Sorag-jogap, 2 years ago


_________

Bütin dünýäni söýmäge taýýardym, ýöne hiç kim maňa düşünmedi. Soňra men ýigrenmegi öwrendim...

Dowamy »

683 27
Sorag-jogap, 2 years ago


“GEÇMIŞ, HAÝYŞ...”

Ýyllaň yzy hakydamda gatapdyr,
Ýatlamalar duwlanypdyr düýnüme.
Meň geljege örän gidesim gelýär,
Geçmiş, haýyş, indi artyk güýmeme.

Sahypasy täzelensin ömrümiň,
Kir-kimirden, goý, päklensin kalbymam.
Günler, süpür ajy ýatlamalary,
Ine, ýanan ýürek seňki! — Al munam!

Hawa, ýürek...

Dowamy »

661 21
Edebiýat, 2 years ago


Ýüreklerde pyntyklanda bu ýazlar...

(Sonetler çemeni)

I
Ýüreklerde pyntyklanda bu ýazlar,
Galamyň şineläp, gül açjak kalbyň.
Gursagyň nar deýin gabygy ýarlar,
Däne-däne sözler — içdäki ýalnyň.

Durşuna şygyrdyr gülgüne säher,
Ýazarsyň günleriň düşüp yşgyna.
Göwni ýaly ýüzi açyk bu bahar
Meňzeş gyzjagazmyň g...

Dowamy »

528 6
Edebiýat, 2 years ago


ÖÝE BARÝAN

Goltugymda torbam, kellämde obam,
Serediň, adamlar, men öýe barýan.
Doganym, gardaşym, ýakynym, käbäm
Göterip ýadymda men öýe barýan.

Perron, iteleşik, käýinýär daýza,
Käbämi ýatlaýan darykman gaýta.
Ýylgyrýan hem öýe barýan.

Küpedeş uz gelin näz edip baksa,
Ýassykdaşym, galdyr...

Dowamy »

638 18
Edebiýat, 2 years ago


“Gül gülmi, sen gülmi — bilip bilemok...”

Çykanmyzda obamyzyň çetine,
Al şapakdan ot alypdy bar zemin.
Men özümiň nirdedigim bilemok —
Barýaryn seň bilen birleşen kimin.

Üşedýändir öýdüp çyg damjalary,
Otlar seniň aýagyňa dözenok.
Assa öwsüp geçýär duşuňdan şemal,
Timar beren saçlaryňy çözenok.

Begres donuň nagyşlary e...

Dowamy »

547 11
Edebiýat, 2 years ago


Çäkmi ýa çäksizlik?

Adam ogly, näme üçindir, çäksizligi söýüşi ýaly, çäklendirmeleri halamaýar. Asmana uçsa, çäksiz belentliklere galsam diýýär, çuňluklara çümende-de, ýene şol höwes onuň hemrasy. Birini söýse-de, çäksiz söýesi gelýär, söýlende-de, çensiz-çaksyz söýülmegini küýseýär. Megerem, bu häsiýet, edil ýaňy dünýä inen bäbejigiň öz-özünden enesini emmelidigini b...

Dowamy »

487 2
Edebiýat, 2 years ago


.........

Sag ýatyp, aman turuň, şahsy meselelerini publikowat edýän eziz türkmen ilim!

Dowamy »

1042 74
Bilim, 2 years ago


Maňa şu saýt näme berdi?

Men şu gün özümçe pikirlendim: “Şu Talyplar.com diýen saýta şunça wagt sarp edip, jan edip näme gördüm? Biderek wagty boş geçirmedimmikäm?..” Aslynda gowy sorag. Her kim özüçe şu soragy berse gowy, internet barada, edebiýat, sungat, dünýä ylymlary, TV barada, kompýuter oýunlary, durmuş, söýgi, dostluk barada... Onsoň bir gazanan gowy zatlarymy özüm...

Dowamy »

824 30
Sorag-jogap, 2 years ago


Gijeki söhbet... (oýlanma)

Bu hekaýa däl. Ýöne setirler toplumy hem däl. Munuň nämedigini saňa düşündirjek bolamok. Bu gije — meniň hyýalymda dogan, arzuwlarymda ýörjen-ýörjen bolan gije. Bu gün daş-töwerek şol gijä garaşýan ýaly. Hatda, otagymam şeklini üýtgetdi. Olam meniň arzuwlaryma görä, arzyly myhman geljek ýaly taýýarlandy, dünýäsini täzeledi. Gijäni her tanşyma görke...

Dowamy »

519 4
Edebiýat, 2 years ago


Güýz goşgulary

GÜÝZ GELDI... 

(Gurbannazar Ezizowyň ýagty ýadygärligini hatyralap) 

Güýz geldi. Dünýäniň ýüzi agraldy, 
Sarylyk baglarda başlady “işe”. 
Biz indi şatlygy unutdyk biraz, 
Gam çekmek güýze-de, maňa-da pişe. 

Güýz gelende gussa batýar tebigat, 
Öz şahyr oglunyň aglap agysyn. 

Dowamy »

497 1
Edebiýat, 2 years ago