“Namyradam, nädeýin men, namys-ar elden gider”
Mätäji

Namyradam, nädeýin, namys-ar elden gider,
Gün kibi çoýundygym, mähri bar elden gider,
Köňül sazymny çalgan goşa tar elden gider,
Gursagy dar, kalby ýaz, göwni gar elden gider.

Ajy ýaşa gark bolup, syrykdygym gözlerden,
Saçlarny sypadygym, gör, öýkeli bizlerden.
Täsin ýylgyrşy birle saýlananym gyzlardan,
Ajal kirpikli perim, tary mar elden gider.

Dünýe gama ulaşmyş, bulaşmyş bahar howam,
Kinesi — ýürek dagym, gülküsi — derde dogam,
Ykbalyny ykbalma sapjagym, bagta rowan
geljegim, ýyldyz gözlim, Ömre ýar elden gider.


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir