Gyrgyzystanyň Prezidenti ýurduň çäginiň ulalandygyny habar berdi
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Respublikanyň raýatlaryna ýüzlenmesinde ýurduň çäginiň ulalandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, serhet çyzyklarynyň takyklanmagy netijesinde Respublikanyň umumy meýdany 200 müň inedördül kilometrden geçdi. 2020-nji ýyla çenli ýurduň çägi 19 million 994 müň gektara (199,9 müň inedördül kilometr) deňdi. Go...
TNGIZT-de benziniň 702,1 müň tonnasy taýýarlandy
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna gelip gowşan nebit çig malyny gaýtadan işläp, harytlyk görnüşine getirmegiň meýilnamasy 102 göterim berjaý edildi.
Ýokary hilli benzinleriň dürli görnüşleriniň jemi 702,1 müň tonnasy taýýarlandy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, toplumda ker...
Täjigistan derman önümçiligini artdyrdy
Soňky alty aýda Täjigistan derman serişdeleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrdy. Bu barada Respublikanyň Monopoliýa garşy göreş gullugynyň başlygy Haýdarali Şarifzoda salgylanýan «tj.sputniknews» internet neşiri habar berdi.
2026-njy ýylyň birinji ýarymy boýunça hasabat beren Şarifzodanyň sözlerine görä, ýuridiki şahslar we hususy tele...
«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça 6 aýda 2 million tonnadan gowrak nebit çykaryldy
«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça 2026-njy ýylyň geçen ýarym ýylynda ýeriň jümmüşinden alnan nebitiň möçberi 2 million 53 müň tonna golaýlady. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.
«Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri boýunça hasabat döwri üçin bellenilen meýilnama goşmaça 155 müň 800 tonna barabar nebit çykarylyp, tabşyryk 108...
ABŞ-da uçar öýüň üçegine gondy
Tehasyň Hýuston şäherinde ýeňilmotorly uçar öýüň üçeginde gondy. Bu barada ştatyň jemgyýetçilik howpsuzlygy boýunça edarasyna salgylanýan ABC teleýaýlymy habar berdi.
Uçarmanyň hassahana ýerleşdirilendigi habar berilýär. Ol uçary golaýdaky uçuş meýdançasynda gondurmakçy bolupdyr, emma başarmandyr.
ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edar...
Türkmenistan FIFA-nyň täzelenen reýtinginde ozalky ornuny saklap galdy
ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilen 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň jemleriniň esasynda Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan täzelenen reýtingde Türkmenistanyň milli ýygyndysy öňki ornuny saklap galdy. Milli ýygyndy 1078,65 utuk bilen 211 ýurduň arasynda ozalkysy ýaly 141-nji orny eýeleýär.
Merkezi Aziýa sebiti...
Nikaraguanyň Prezidenti saýlawlary ýatyrýandygyny yglan etdi
Nikaraguanyň Prezidenti Daniel Ortega ýurtda oppozisiýanyň häkimiýet başyna gelmegine ýol bermezlik üçin mundan beýläk saýlawlaryň geçirilmejekdigini mälim etdi. Bu barada «The Guardian» agentligine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
«Mundan beýläk olaryň (garşylykçy partiýalaryň) häkimiýeti eýelemäge synanaşyk etmezligi üçin saýlawlar bol...
Türkmenistanyň IIM-niň ministriniň orunbasary BMG-niň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça mejlisinde çykyş etdi
20-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň 104-nji umumy mejlisiniň çäklerinde dünýäde ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga bagyşlanan ýokary derejeli mejlis geçirildi. Onda Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan ýurduň içeri işler ministriniň orunbasary Öwezgeldi Kakalyýew çykyş etdi.
Ministriň oru...
Ýaponiýada adamlar üçin sowadyjy bilen tanyşdyrdylar
Ýaponiýanyň «SDRS» we «Trusco Nakayama» kompaniýalary adamlary adatdan ýokary temperaturada iş wagtynda gyzmakdan goramak üçin niýetlenen «Do Hiemon Box» serginlediji kabinany döretdiler. Ol daşyndan göräýmäge, ullakan sowadyja (holodilnik) meňzeş diýip, «GizmoChina» neşiri ýazýar.
Enjam ilkinji noabtda gurluşyk pudagynyň, zawodlaryň, ambarl...
Türkmenistanyň basketbol federasiýasy resmi saýtyny işe girizdi
Türkmenistanyň basketbol federasiýasy (TBF) tkm.basketball salgysynda resmi saýtyny işe girizdi. Bu barada federasiýanyň tehniki direktory Bagtyýar Ibragimow habar berdi.
Onuň sözlerine görä, täze internet çeşmesi janköýerlere, türgenlere we tälimçilere ýaryşlar, milli ýygyndylaryň düzümleri, olaryň gazanan netijeleri barada maglumatlary alm...
Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy resmi saýtyny işe girizdi
Türkmenistanyň şaýbaly hokkeý federasiýasy tkmihf.com salgysynda resmi web saýtyny işe girizdi. Internet çeşmesi türkmen, rus we iňlis dillerinde işleýär. Saýtda ýurduň milli hokkeý ulgamynyň gurluşy, erkekler milli ýygyndysy, şeýle hem U20 we U18 ýaş derejelerindäki ýetginjekler ýygyndylary barada maglumatlar ýerleşdirilýär.
Saýtda Türkmeni...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen...
Prezident, BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy mähirli kabu...
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, t...
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Mejlisiň dowamynda 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Gurama...
Türkmenistanda «e-TIR» sanly ulgamy boýunça maslahat geçirilýär
20-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda halkara «e-TIR» sanly ulgamynyň ulanylmagy bilen ilkinji ýük daşamalaryny amala aşyrmak boýunça utgaşdyryjy meselelere hem-de tehniki goldaw bermäge bagyşlanan bäş günlük maksatnamalaýyn çäreler başlandy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenist...
Türkmen sungatynyň wekilleri Moskwada geçirilen teatr forumyna işjeň gatnaşdylar
Türkmen teatr sungatynyň wekilleri 13–17-nji iýul aralygynda Moskwada geçirilen «Halkara teatr hyzmatdaşlygynyň günleri» atly bilim forumyna işjeň gatnaşdylar.
Forumyň maksatnamasyna teatr işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw sapaklary we ussatlyk sapaklary, taslama okuw seminarlary, tegelek stol mejlisi, «Teatr — dialog...
Endi Bernem Beýik Britaniýanyň Hökümet başlygy wezipesine girişdi
Beýik Britaniýanyň ýurdy dolandyryjy Leýboristler partiýasynyň täze lideri Endi Bernem Patyşa Karl III hökümeti düzmek barada tabşyryk alandan soňra Premýer-ministriň wezipesine girişdi. Bukingem köşgünde Patyşanyň täze Premýer-ministri kabul edişliginden görnüşleri onuň metbugat gullugy ýaýratdy.
Şunlukda, 56 ýaşly Bernem 2022-nji ýylda tag...
Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler
1-nji awgustda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler.
Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasy.
Jemgyýetçilik kabul edişligi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgab...
Ispaniýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyndaky ýeňşini Madridde dabaraly ýöriş bilen belläp geçdi
Futbol boýunça dünýä çempiony bolan Ispaniýanyň milli ýygyndysy watanyna dolanyp geldi we Madridiň merkezinde üsti açyk awtobuslarda geçirilen dabaraly ýörişe gatnaşdy. Ispaniýanyň Patyşasy Filip VI olary garşylamak dabarasynyň başyny çekdi. Şeýle-de futbolçylary ýurduň Premýer-ministri Pedro Sançes kabul etdi — diýip, aljazeera.com saýty habar ber...