Ilon Mask we onuň kompaniýalary Dogecoin-piramidasyny döretmekde aýyplandy
Ilon Maska hem-de onuň Tesla, Space Exploration Technologies Gorp (SpaceX) kompaniýalaryna Dogecoin kriptowalýutasyny öňe sürendikleri üçin 258 mlrd dollarlyk kazyýet arzasy bildirildi diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.
Arzaçy Kit Jonson Mask bilen onuň kompaniýasynyň Dogecoin-niň bahasyny galdyrmak üçin aldawçy tilsimi döredendiklerin...
Awstraliýanyň futbol boýunça ýygyndysy dünýä çempionatyna çykdy
Awstraliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynda oýnamaga hukuk gazanmak ugrundaky yklymara pleý-off oýnunda peruly garşydaşlaryndan üstün çykdy diýip, Trend ýazýar.
Oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynda awstraliýalylar netijeli boldular — has...
UEFA 2024-nji ýyldan öňdebaryjy klublar üçin täze tomusky ýaryşy gurnar
Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 2024-nji ýylyň tomsunda täze klub ýaryşyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada “L’Equipe” habar berdi diýip, championat.com belleýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ýaryşa dört klub gatnaşar, olaryň arasynda Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi hem bolar. Galan üç klubuň nähili ýörelge e...
Ýagşymyradow «Kurulyş: Osman» serialynyň 3-nji möwsüminiň ahyrynda peýda bolar
Garyşyk söweşiň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow «Kurulyş: Osman» taryhy serialyň üçünji möwsüminiň jemleýji seriýasynda düşdi.
Türkmenistanly pälwanyň surata düşen 98-nji seriýasy ATV teleýaýlymynda 15-nji iýunda görkezilipdi diýip, Turkmenportal habar berýär.
Ýagşymyradow taryhy serialda Konýadan Balabanyň keşbini ýerine ýetir...
Serdar Berdimuhamedow bilen Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasynda nämeler göz öňünde tutulýar?
15-nji iýunda geçirilen Tähran duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi. Onda taraplaryň taryhdan gelip çykýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan, strategik häsiýete eýe...
Futbolda bäş gezek oýunçy çalyşmak düzgüni hemişelik girizildi
Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) toparlara oýnuň dowamynda bäş gezek oýunçy çalyşmaga mümkinçilik berýän düzgüni hemişelik esasda girizdi. Ozal bu düzgün koronawirus pandemiýasy bilen bagly toparlaryň oýunçylarynyň ysgyndan gaçýandygy üçin girizilipdi.
«FIFA-nyň ählumumy pandemiýa wagtynda oýunçylaryň abadanlygyny goramak...
Serdar Berdimuhamedow Eýranyň parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
15-nji iýunda günüň ikinji ýarymynda Tähranda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen gepleşikleri geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň degişli agzalary hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda döwlet Baştutanymyz jenap Mohammed Bager Galibafa Türkmeni...
Türkmenistan we Eýran hyzmatdaşlyk hakynda 9 resminama gol çekdiler
15-nji iýunda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ebrahim Raisi Tähranda geçiren ikitaraplaýyn gepleşikleriniň barşynda hyzmatdaşlyk hakynda 9 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekdiler diýip, IRNA agentligi habar berýär.
Iki ýurduň ministrleriniň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalar ulag-üstaşyr ulgamy ösdürmäge, ylmy-medeni alyş-çalşyga...
Xiaomi 13 smartfony hakynda ilkinji jikme-jik maglumatlar peýda boldy
Geljekki öňdebaryjy Xiaomi 13 iň täze Qualcomm Snapdragon 8 Gen 2 çipsetine eýe bolar diýip, çeşme ýazýar.
Habarlara görä, premium-smartfonlara niýetlenen indiki nesliň öňdebaryjy çipsetiniň özboluşly şekili bolar. Häzirki bar bolan 8 Gen 1 prosessorlarynyň 1+3+4 ýadrodan ybarat klasterleri bar bolsa, onda, täze 8 Gen 2-niň 1+2+2+3 şekili...
Bitkoin 13% arzanlady we 2020-nji ýylyň dekabryndan bäri iň pes bahany täzeledi
13-nji iýunda, duşenbe güni Binance kriptobiržasynda bitkoiniň bahasy 13% arzanlady, 2020-nji ýylyň dekabryndan bäri iň pes baha — 23,7 müň dollara çenli aşaklady. CoinGecko-nyň maglumatlaryna görä, aktiwiň bazar kapitallaşmasy, gündelik söwdanyň göwrümi 50 mlrd dollar bolanda, 458 mlrd dollara çenli azaldy.
Soňky gije-gündiziň dowamynda ir...
''Saçyň näme seýrekläpdir'' diýýäňmi?
SAÇYÑ NÄME...
Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi?
Muňa bir söz bilen jogap bermek kyn.
Ir giden atama bergidar galdym,
Bir tar saç şoň üçin düşendir mümkin.
“Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi?
Wah, sorama, onuň sebäpleri kän.
Ejem bir şatlyga garaşýan güni
Öýde az-kem ha...
Aglaýan çaganyň sesin eşitsem...
Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, -
Eýýäm bitin däl-de, döwükdirin men.
Oka dogry barýan, owlagny gorap,
Gözleri aýyply keýikdirin men.
Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, -
Çekijiñ gaçyran syrçasydyryn.
Özi süýşüp baryp lukmasy bolýan, -
Ýylanyñ "okaýan" serçesidirin...
Aglaýan çagany...
Gijeler kitaplaň gatyna siňdi...
Gijeler kitaplaň gatyna siňdi,
Ýatdan çykdy seýil, bagy, teatr
Men başga bir dünýä sataşdym indi,
Hem özüme gaýdyp geldim teý ahyr
Men özüme gaýdyp geldim ahyry,
(Uly bagt eken garanmak yzyň)
Unudyp gijeleň hasrat-ahyny
Gaýtargysyz söýgüsinden bir gyzyň.
Men özüme gaýdyp geldim...
Döwletjan Ýagşymyradow meşhur türk serialynda keşp janlandyrdy
MMA-nyň (garyşyk söweş sungaty) söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Osman imperiýasynyň döreýşi baradaky meşhur türk serialynda keşp janlandyrypdyr. Türgen surata düşürilen wideoýazgylardan bölekleri we kinonyň öňki bölüminden parçalary öz Instagram sahypasynda ýerleşdiripdir.
Taryhy wakalara baý bu serialy ATV teleýaýlymy 2019-njy ýyldan bä...
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi ýaş zehinleri gözleýär
– Ýaş zehinli suratkeşler Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolmaga mümkinçilik alarlar – diýip, şu gün gurama yglan etdi.
Şu maksat bilen 24-nji awgustda agzalyga dalaşgärleriň işleriniň sergisi gurnalar we onuň netijeleri boýunça iň zehinli suratkeşler kesgitlener.
Sergä gatnaşmak isleýänler öz eserlerini 15-nji iýund...
Aziýanyň Kubogy: Türkmenistan taryhda ilkinji gezek ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2022-niň (23 ýaşa çenli) toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji oýnunda Katar bilen deňme-deň oýnady. Düýn Daşkentde geçen bu duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy. Katarlylardan Osama Al-Tairi oýnuň dowamynda iki gol geçirdi (65-nji we 73-nji minutlar). Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminden çalşyga ç...
Apple MacBook Air özüniň täze neslini köpçülige hödürledi
Apple korporasiýasy WWDC 2022-de tanyşdyrylyşyň çäklerinde M2 ARM-prosessorly MacBook Air-niň täze neslini hödürledi. Çäräniň alnyp görkezilişi YouTube-da elýeterdir.
Noutbuk MacBook Pro stilinde, gönigyraň we ekranynyň öň kamerasynyň aşagy kese kesikli täze dizaýna eýe boldy. MacBook Pro ýagtylygy 500 nit-e çenli bolan 13,6 dýumlyk displeýe...
Apple iOS 16 bilen tanyşdyrdy
Apple korporasiýasy WWDC 2022-de tanyşdyrylyşyň çäklerinde öz operasion ulgamynyň täze wersiýalaryny köpçülige görkezdi. Çäräniň geçişine YouTube-da tomaşa etmek bolar.
Smartfonlara niýetlenen täze ulgam iOS 16 diýip atlandyrylar. Kompaniýa ýene-de dizaýn ulgamynyň üstünde işledi we ekran blokirowkasyny üýtgetdi: indi ulanyjy şrifti we ekran...
*****

Sag tarapdaky Li Redmond " iň uzyn dyrnakly " adyna eýe öňki rekortçy we Melwin But - häzirki rekort eýesi. Onuň dyrnaklary 9 metr uzynlykda. Li Redmond bolsa 2010 ýylda awtoulag heläkçiliginde dyrnaklaryny ýitiripdi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlandy
10-njy maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibiniň çäklerinde MOK-nyň 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi hem-de ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentini saýlamak bilen bagly meselä garaldy.
Döwlet Baştutany...