Türkmen wekiliýeti AFK agza assosiasiýalaryň konferensiýasyna gatnaşdy
7-8nji oktýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Aziýanyň Futbol Konfederasiýasyna agza Assosiasiýalaryň we Sebitleýin Assosiasiýalaryň başlyklarynyň hem-de baş sekretarlarynyň gatnaşmagyndaky konferensiýa geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy bilen Baş sekretary hem gatnaşdylar. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar...
Kataryň Olimpiýa komitetiniň prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşar
Bu barada Kataryň Olimpiýa komitetiniň prezidenti Joan Bin Hamad Al-Taniniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli iberen gutlag hatynda aýdylýar. Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň resmi saýtynda ýerleşdirilen gutlag hatynda Joan Bin Hamad Al-Tani Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmek bilen:
—...
Yragyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler
Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Yraga gulluk iş saparyny amala aşyrdy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Yraga türkmen tebigy gazyny ibermek bilen bagly meseleler boýunça degişli düzümleriň...
TÝL ― 2023: 13 günde bäşinji duşuşygyny geçiren «Merw» «Köpetdagdan» asgyn geldi
Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 15-nji tapgyrynyň duşuşygy geçirildi.
«Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşykda adybir topar Marynyň «Merwini» kabul etdi. Duşuşygyň eýýäm 19-njy minudynda «Köpetdag» Batyr Täçnazarowyň geçiren goly bilen öňe saýlandy. 52-nji minutda bolsa Ýagşysähet Döwletgeldiýe...
Türkmen türgenleri Aziýa oýunlaryny 7 medal bilen tamamladylar
23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabra çenli aralykda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda türkmenistanly türgenler dürli derejeli medallaryň 8-sine mynasyp boldular.
Yklymyň iň iri sport baýramçylygyna 45 döwletden 15 müňe ýakyn türgen gatnaşdy. Türkmenistan bu abraýly ýaryşa 67 türgen bilen gatnaşyp, bir kümüş medala we bürünç...
Aşgabatdaky Fransuz institutynda syýahatçy Sedrik Gra bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda dostlukly saparda bolýan fransuz syýahatçy ýazyjysy Sedrik Gra Aşgabatdaky Fransuz institutynyň talyplary bilen duşuşdy. Myhman özüniň fransuz dilindäki bäş sany kitabyny institutyň kitaphanasyna sowgat berdi. Olaryň üçüsi syýahatlar barada, biri roman, biri-de fantastikadyr. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berild...
Aşgabatda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Aşgabadyň «Gülzemin» söwda we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa paýtagtdan we ýurduň welaýatlaryndan bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan çe...
Fransiýada tagtabitler sebäpli mekdepler ýapyldy
Bütin Fransiýada mekdepleriň birnäçesini tagtabitleriň köpelmegi sebäpli wagtlaýyn ýapmaly boldy diýip, «Habar 24» ýazýar.
Ýurduň Bilim ministrligi mör-möjekleriň synp otaglarynda we umumy ýaşaýyş jaýlarynda duşýandygyny habar berdi, häzir mekdepleriň 5-si ýapyldy we okuwçylaryň 1,5 müňüsi onlaýn okuw düzgünine geçirildi.
Golaýdaky dy...
«Nebitmaş» DK dürli pudaklarda ulanylýan gözegçilik diňlerini öndürýär
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň köpugurly «Nebitmaş» döwlet kärhanasy milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli bolan önümleri öndürýär. Öndürilýän önümleriň hatarynda gözegçilik diňleri hem bar.
Ýokary gatly metal gurluşlar dürli hili maksatlar bilen ulanylyp, olara köp pudagyň işinde isleg bildirilýär. Olar...
Türkmenistan Moskwada geçirilen «Ak hasa» halkara festiwalynyň gala konsertine gatnaşýar
Ertir Moskwadaky «Crocus City Hall» konsert zalynda «Ak hasa» XIV halkara haýyr-sahawat festiwalynyň gala konserti bolar. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşar.
portal-kultura.ru web sahypasynda habar berlişi ýaly, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan...
Aşgabatdaky «Ýüplük dünýäsi» dükany örüm örmek we el işleri üçin harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär
«Ýüplük dünýäsi» dükany keşdeçi zenanlary we hend-meýd sungatynyň ussatlaryny örüm örmek hem-de el işleri üçin harytlaryň dürli görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.
Bu ýerde köp sanly zenanlaryň söýgüli senedi bolan örüm örmek sungaty üçin ähli zerur harytlary: ýüplükleri, dürli ululykdaky çişleri we gaňyrçaklary, torbalary ýa-da aýakgaplary...
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna 24 oýunçy çagyryldy. Bu barada milli ýygyndynyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi:
Derwezeçiler: Resul Çaryýew («Arkadag» FK), Batyr Babaýew («Altyn asyr»), Döwletýar Berdiýew («Ahal»).
...
«Ahalyň» goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy
Mundan ozal ýetginjekler we ýaşlar ýygyndylarynyň düzüminde çykyş eden «Ahalyň» goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy. Bu barada milli ýygyndynyň metbugat gullugy habar berdi.
23 ýaşly oýunçy Dubaýda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşar. Onuň dowamynda DÇ-2026-nyň saýla...
Şu gün ÝHHG-niň başlygynyň Aşgabada sapary başlanýar
ÝHHG-niň başlygy, Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmaniniň şu gün Türkmenistana sapary başlanýar. Bu barada Demirgazyk Makedoniýanyň DIM-ine salgylanyp, MIA habarlar agentligi habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Osmaniniň Türkmenistana sapary Demirgazyk Makedoniýanyň ÝHHG-e başlyklyk etmegi boýunça maksatnamasynyň 2023-nji ý...
«Türkmenpoçta» kompaniýasy ýükleri ugratmak işlerini kämilleşdirýär
Häzirki wagtda «Türkmenpoçtanyň» ýurduň welaýatlaryndaky bölümleri täze tehnologiýalary we hyzmatlary ýetiriş standartlaryny ulanmagy öz içine alýan häzirki zaman usullarda iş alyp barýarlar. Muňa bolsa ýurduň sebitlerindäki demir ýol menzillerinde ýerleşýän we türkmenistanlylara uly hem-de kiçi ýükleri tiz hem ygtybarly ugratmaga, şeýle-de kabul e...
GDA-nyň Bişkek sammitinde sebitiň gidroenergetika meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylar
13-nji oktýabrda Bişkek şäherinde Gyrgyzystanyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Rus Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, sammitiň gün tertibinden Merkezi Aziýa sebitinde suw üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de energe...
Türkmenistanyň şäherlerinde telekeçiler we ýolbaşçylar üçin maliýe dolandyryşy boýunça seminarlar geçirilýär
Geçen hepde Türkmenistanda Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (BDÖB) tarapyndan welaýat merkezlerinde guralan sebitleriň telekeçileri üçin seminarlar toplumy badalga aldy. Seminarlar «Kiçi telekeçilik üçin maslahatlar» maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.
Bu taslamanyň maksady telekeçileriň we ýolbaşçylaryň işewürligiň durnukly ösmegi hem-d...
«Pifagoryň teoremasy» kesekiniňki bolup çykdy
Gadymy grek matematigi Pifagor «Katetleriň kwadraty gipotenuzyň kwadratyna deň» diýýän meşhur teoremanyň awtory däl, amerikaly matematik Brýus Ratner şeýle netijä geldi diýip, «MIR 24» ýazýar.
ABŞ-nyň Ýel uniwersitetinde biziň eýýamymyzdan öňki 1800-1600-njy ýyllar bilen senelenýän wawilon tagtajygy saklanýar, alymyň pikiriçe, onda Pifagoryň...
Ärdogan Türkiýäniň dolandyryjy partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurdy dolandyryjy Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy diýip, «Yeni Şafak» gazetine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi. Bu barada «Belta.by» ýazýar.
Neşiriň ýazmagyna görä, Ärdoganyň kandidaturasyny partiýanyň gurultaýyna gatnaşan delegatlaryň ählisi goldady, netijede, ol sesl...
«Şemaly boýun egdiriji» filmi Russiýanyň we GDA-nyň prokatynda öňdeligi eýeledi
«Şemaly boýun egdiriji» atly täze rus filmi Russiýanyň we GDA-nyň prokatynda geçen dynç alyş günlerinde 121,3 million rubl toplap, öňdeligi eýeledi diýip, «Kinobusiness» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Film 2016-njy ýylda syýahatçy Fýodor Konýuhowyň amala aşyran dünýäniň daşyndan uçuşyna bagyşlanandyr. Ol şonda planetany 11 gün...