Adobe 2D şekili 5 sekuntda 3D formata öwürýän emeli aňy döretdi
Adobe-yň we Awstraliýanyň Milli uniwersitetiniň işgärleri iki ölçegli şekilleri bary-ýogy 5 sekuntda üç ölçegli şekillere öwrüp bilýän algoritmi işläp düzdüler. Bu barada TechSport habar berýär.
Işläp düzüjiler täze algoritmi Uly rekonstruksiýa modeli (Large Reconstruction Model – LRM) diýip atlandyrdylar. Ol, takmynan, 1 mln 3D şekillerden...
«Awatar: Aang hakynda rowaýat» multserialynyň esasynda teleserial dörediler
«Netflix» kompaniýasy 2005-nji ýylda «Nikelodeon» teleýaýlymynda çykan «Awatar: Aang hakynda rowaýat» atly meşhur multserialyň ekranlaşdyrylan nusgasynyň täze treýlerini paýlaşdy. Wideo striming platformasynyň resmi «YouTube» kanalynda peýda boldy.
Şol bir wagtyň özünde, serialyň ilkinji görkeziljek senesi mälim edildi – ol 2024-nji ýylyň 22...
Alymlar adamyň beden agzalaryny ösdürip ýetişdirmegiň usulyny tapdylar
Kanadaly biotehnologlar Waterloo uniwersitetiniň binýadynda myşsa dokumalaryny adam bedeniniň daşynda dikeltmegiň we ösdürmegiň täze usulyny oýlap tapdylar.
Hünärmenler biomateriallary modelirlemek üçin çarçuwasyz platforma döretdiler, munuň netijesinde täze myşsalar ilki emeli gurşawda ösdürilýär, soňra bolsa hassanyň bedenine birleşdirilýä...
Volvo taryhyndaky ilkinji miniwenini tanyşdyrdy
«Volvo» kompaniýasy Hytaýda ilkinji miniwenini tanyşdyrdy, awtoulag elektrik hereketlendiriji bilen üpjün edilendir.
«Volvo EM90» «Geely SEA» platformasynda guruldy. Onda «Zeekr 009» miniweni hem döredilendir. Täze önümiň uzynlygy 5206 mm, teker binýady bolsa 3205 mm. Elektrikli miniwen 272 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi bilen en...
UFC 296 ýaryşynda geçiriljek söweşleriň sanawy belli boldy
UFC promouşeni 16-njy dekabrdan 17-nji dekabra geçilýän gije Las-Wegasda (ABŞ) geçiriljek UFC 296 ýaryşynyň esasy sanawyny yglan etdi. Bu barada championat.com habar berýär.
Ýatlap geçsek, esasy söweşde guramanyň ýarym orta agramda (77 kg çenli) çempiony britaniýaly Leon Edwards amerikaly Kolbi Kowington bilen söweşer.
Esasy söweşleri...
Görogly etrabynda soňky ýüz ýylda ikinji gezek üçem perzentler dünýä indi
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentleriň dünýä inmegi etrapda soňky ýüz ýylda ikinji bolup hasaba alyndy. Bu barada oilgas.gov.tm ýazýar.
Gyz çagalara Dünýä, Dursun, Abat diýip at dakyldy. Bu agzybir maşgalada 10-luk san bilen bagly şowlulyklaryň hatary köp duş gelýär....
Kuraş boýunça dünýä çempionatyna 50 döwletden 240-a golaý türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar
Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatyna 50 döwletden 236 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Kuraş sporty federasiýasynyň wekilleri habar berýär.
Sport bilermenleriniň aýtmagyna görä, dünýä çempionatynda türkmenistanly, özbegistanly we eýranly türgenleriň has köp medala mynasyp bolmagyna garaşylýar.
...
Döredijilik topary Magtymguly Pyragy hakda film düşürmek üçin Buhara gidýär
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň topary Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyr hakyndaky dokumental filmi surata düşürmek üçin Özbegistanyň gadymy Buhara şäherine döredijilik saparyna taýýarlanýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Ozal Magtymguly Pyr...
Ýaponiýanyň täze bellenen ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül çemenini goýdy
Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Sasaki Hirosi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Bu barada Ýaponiýanyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan habar berildi.
Diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurandan soň Türkmen paýtagtynyň möhüm ýerlerine aýlanyp gördi.
Duşuşykda taraplar...
Lebaply ýaş suratkeş çagalar medeniýet forumynyň ýörite diplomyna mynasyp boldy
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Arslan Arturow ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde zehinli okuwçylaryň gatnaşmaklarynda geçirilen II Halkara çagalar medeniýet forumynyň ýörite diplomyna mynasyp boldy. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.
Habarda bellenilişi ýaly, Arslan daşary ýurtly ýoldaş...
«Transfermarkt» Türkmenistanyň ýygyndysynyň oýunçylarynyň täze transfer bahalaryny çap etdi
«Transfermarkt» internet portaly 2023-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bahasy iň ýokarlanan futbolçylarynyň reýtingini mälim etdi.
Ýeri gelende bellesek «Transfermarkt» portalynyň hödürleýän transfer bahalary subýektiw bolup, oýunçylaryň transfer gymmaty portalyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlany...
Aşgabatda Gazagystanyň teatrynyň artistleri çykyş etdiler
Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ilkinji güni Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň Biken Rimowa adyndaky Taldykorgan drama teatrynyň artistleri çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
...
Baş akademiki drama teatrynda «Watandan alysda geçen gije» atly sahna eseriniň görkezilişi boldy
Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşmaga gelen Täjigistanyň M.Wahidow adyndaky döwlet ýaşlar drama teatrynyň döredijilik toparynyň halkara festiwala getiren «Watandan alysda geçen gije» atly sahna eseriniň görkezilişi boldy. Bu...
Özbek teatry «Şasenem we Garyp» atly sahna eserini görkezdi
Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň çäginde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň artistleri «Şasenem we Garyp» («Oshiq G‘arib va Shohsanam») atly sahna eseri bilen çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet min...
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýerini kesgitledi
Prezident Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, döwlet Baştutany uçuş mahalynda paýtagt şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlap, ýerine ýetirilýän giň möçberli işlerde ýurdu...
Halkara teatr festiwalynyň ikinji we jemleýji günlerinde haýsy sahna eserleri görkeziler?
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly öz işine başlady.
15-nji noýabrda — halkara festiwalyň ikinji gününiň birinji ýarymynda Aşgabadyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döw...
Türkmenistanyň Prezidenti dikuçardan Nusaý galasyny synlady
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyş...
Mergen Orazow Türkmenistan — Özbegistan oýnunyň öňüsyrasynda metbugat ýygnagyna gatnaşar
16-njy noýabrda «Aşgabat» stadionynda DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynyň «E» toparçasyndan orun alan Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýun geçiriler. Duşuşyk sagat 19:00-da başlanar.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 15-nji noýabrda «Aşgabat» köpugurly stadio...
Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň «Parahat» ýaşaýyş toplumynyň çäklerindäki gurluşyklar bilen tanyşdy
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşlygyň barşynda, «Parahat» ýaşaýyş toplumynyň çäklerindäki gurluşyklar bilen hem tanyşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, uçuş mahalynda döwlet B...
Türkmenistanyň Prezidenti guşuçar belentlikden Aşgabatda gurulýan saglygy goraýyş desgalaryny synlady
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Uçuşynyň dowamynda döwlet Baştutany Aşgabatda täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy.
«Watan» habarlar geple...