«Aardman» studiýasy mutfilmleri üçin çig mal ýetmeýändigini ýalana çykardy
«Aardman Animations» studiýasy öz muşdaklaryny geljekki taslamalaryny taýýarlamak üçin çig malyň, ýagny plastiliniň ýeterlikdigi baradaky habar bilen köşeşdirdi. Bu barada studiýanyň wekilleri sosial ulgamlarda habar berdiler diýip, «Film.ru» ýazýar.
«Biz özümiziň geljekki döretjek işlerimiziň ykbaly barada ynjalyksyzlanma üçin minne...
Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Aşgabatda saparda bolar
Ozal habar berşimiz ýaly, 29-njy noýabrynda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçiriler.
Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, bu mejlise Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşar.
HHR-i...
Türkmenistanda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy we amaly maslahat geçirilýär
Aşgabatda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy we amaly maslahat geçirilýär. Bu barada «Turkmenportal»-yň habarçysy habar berdi.
Foruma Demir ýollary hyzmatdaşlygy guramasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara howa gatnawy assosiasiýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri wid...
Aždarhanyň ýylyny — 2024-nji ýyly nähili garşy almaly
Gündogar senenamasyna laýyklykda, 2024-nji ýyl Ýaşyl agaç aždarhanyň ýyly hasap edilýär. Geljek ýylda şowlulygyň we abadançylygyň ýaran bolmagy üçin Täze ýyl geýimlerini saýlan mahalyňyz bu mifiki jandaryň isleglerini göz öňünde tutmak möhümdir.
Reňk
Aždarha imperatorlygyň häkimiýetiniň we rahatlyga ymtylmagyň nyşanydy...
Nýu-Delide Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bolar
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 4-nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Magtymguly Pyrag...
Eýranda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy
Habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 23 — 25-nji noýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.
Yspyhan şäherinde geçirilen Medeniýet günleriniň ilkinji gününde ýurduň amaly-haşam sungat eserleriniň, hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Şol gün medeniýe...
Wise-premýer T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Täjigistanda iş saparynda bolar
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 26 — 28-nji noýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde gulluk iş sapa...
Türkmen wekiliýeti Wenada ÝUNIDO-nyň Baş konferensiýasynyň 20-nji mejlisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş konferensiýasynyň 20-nji mejlisine gatnaşmak hem-de gurluşyk we senagat babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ÝUNIDO-n...
Türkiýäniň käbir şäherlerini çabga basdy
Harasatly ýel gatyşykly çabga ýagmagy netijesinde Türkiýäniň günorta we günorta-demirgazyk böleklerini basdy diýip, TRT habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.
Antalýa ülkesinde käbir ilatly ýerleriň suwa gark bolandygy habar berilýär. Esasan hem, Izmir şäherinde çabganyň köp düşmegi bilen baglylykda, onuň çet-gyralarynda de...
Birža söwdalarynda 51 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.
TDH-niň ýazmagyna görä, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýangyç mazudyny, «Türkmenhimiýa» döwle...
«Daragt» filmi Minsk halkara kinofestiwalynda ýörite baýraga mynasyp boldy
17 — 24-nji noýabr aralygynda Belarus Respublikasynda «Listapad» atly XXIX Minsk halkara kinofestiwaly geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň uly göwrümli «Daragt» filmi festiwalynyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde görkezildi.
24-nji noýabrda bolsa, halkara kinofestiwalynyň ýapylyş hem-de onuň ýeňijilerini sylagl...
«Nebitmaş» döwlet kärhanasy önümçilik pudagynyň işgärleri üçin iş lybasyny öndürýär
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ýurduň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklary üçin önüm öndürmek bilen bir hatarda, islendik çylşyrymlylykdaky önümçilik işini ýerine ýetirende adamlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän möwsümleýin iş lybaslaryny taýýarlaýar.
Kärhananyň döwrebap enjamlar...
Dubaýyň häkimiýetleri metronyň täze şahasy üçin 5 milliard dollar sarp etmekçi
Dubaýyň häkimiýetleri metronyň uzynlygy 30 kilometr bolan 14 duralgaly täze şahasy üçin 18 milliard dirhem (5 milliard dollar) sarp etmekçi diýip, şäheriň häkimliginiň metbugat gullugyna salgylanýan «Report» habar berdi. Täze metro şahasy şäheriň işewürlik we ýaşaýyş etraplaryny, şeýle hem howa menzilini birleşdirer.
«Mawy ugur» diýlip at be...
Aşgabatda «100 çüwdürim» we «Baýram han türkmen» seýilgähleriniň durky täzelener
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň çäginde «100 çüwdürim» we «Baýram han türkmen» seýilgähleriniň durkuny täzelemek işlerini geçirmek üçin bäsleşik yglan etdi. Bu baradaky bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma...
Aşgabatdaky «Hisense» dükanlarynda Täze ýyl mynasybetli utuşly oýun geçiriler
Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Hisense» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekiliniň dükanlarynda sowgatlaryň utuşly oýny geçiriler.
Aksiýa gatnaşmak üçin 10 müň manat möçberde «Hisense» hojalyk tehnikalaryny satyn almaly we kassadan kupon almaly. Sowgatlaryň hatarynda: telewizorlar, mikrotolkunly peçlerler, sowad...
Berlinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bolar
5-6-njy dekabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş...
Beýik Britaniýanyň uly tokaýlarynyň biri 50 göterim kemeldi
Beýik Britaniýada iri tokaýlaryň biriniň eýeleýän meýdany soňky 80 ýylda 50 göterim azaldy diýip, «Habar 24» ýazýar.
Häzir Heýwud tokaýynyň meýdany 125 gektary tutýar. Tokaýyň kiçelmegi işjeň oba hojalyk, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen bagly diýip, hünärmenler aýdýarlar.
Heýwudyň ýakalarynda oba hojalyk meýdanlary ý...
Sowuklama bilen kesellemegiň dürli ýurtlara näçä durýandygyny hasaplandy
«NetCredit» kompaniýasynyň bilermenleri 152 ýurtda möwsümleýin sowuklamany bejertmegiň näçä durýandygynyň sanawyny düzdüler. Hasabat kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Sowuklama garşy derman serişdeleriniň nyrhy dürli ýurtlarda dürlüçedir. Ylmy-barlagyň awtorlary alty günlük sowuklama garşy derman serişdel...
Türkmen wekiliýeti Hançžou şäherinde CAREC maksatnamasynyň innowasiýa maslahatyna gatnaşdy
Hytaýyň Hançžou şäherinde 2-nji Bütindünýä sanly Söwda sergisiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (CAREC) maksatnamasynyň halkara innowasiýa maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy diýip, «Howar» habarlar agentligi «Ženmin-Žibao» neşirine salgylanyp habar berdi.
Bu çärä şeýle hem G...
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri Turin şäherinde halkara çärä gatnaşdylar
Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen wekiliýeti Italiýanyň Turin şäherinde DARYA (Merkezi Aziýada zehinli ýaşlar üçin gepleşik we hereket) taslamasy boýunça ýokary derejeli toparyň iki günlük duşuşygyna gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri hem girdi.
«nCa» in...