Türkmenistanda ýaşlar üçin ÝUNISEF-iň ikinji «Tomusky mekdebi» öz işine başlady
ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde ýaşlar üçin howanyň üýtgemegi meselelerine bagyşlanan ikinji «Tomusky mekdebi» açdy.
Şu ýyl tomusky mekdebe açyk bäsleşikli saýlap almaklygyň esasynda ýurduň ähli sebitlerinden seçilip alnan, ýaşy 16-dan 25-e çenli bolan ýaş nesliň 35...
Aşgabatda Türkmen-azerbaýjan işewürler geňeşini döretmek ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Bilelikdäki hökümetara toparyň 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, azerbaýjan tarapyndan bolsa ýurda iş sapary bilen gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow gatnaşdy.
Jabbaro...
Türkmenistanda RÝNÝ-niň, gozgalmaýan emläkleri bellige alyş gullugynyň we notariuslaryň arasynda özara elektron hereket etmegiň tertibi tassyklanyldy
Türkmenistanyň Adalat ministrligi gozgalmaýan emläkler bilen bagly geleşikleri resmileşdirmekde we beýleki hukuk ähmiýetli hereketleri amala aşyrmaga gatnaşýan üç edaranyň — Raýatlyk ýagdaýynyň namalaryny ýazga almak müdirliginiň (RÝNÝ), Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawyny ýöretmek gullugynyň, şeýle...
Reuters: «Bawi» super taýfuny Hytaýyň günortasyndaky suw joşmalaryndan soň ýurda golaýlaşýar
Şu hepdäniň dowamynda güýçli suw joşmalaryndan ejir çeken Hytaýyň günorta sebitleri täze bir synaga — «Bawi» super taýfunynyň golaýlaşmagyna taýýarlyk görýär. Sinoptikler şu ýyl ýurtda howa hadysalarynyň sanynyň has-da artjakdygyny duýdurýarlar — diýip, Reuters agentligi habar berýär.
Hytaýyň Milli howa merkeziniň çaklamasyna görä, iýul aýyn...
Le Pen Fransiýada Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçy
Fransiýanyň «Milli bileleşik» sagçy milli partiýasynyň parlament fraksiýasynyň ýolbaşçysy Marin Le Pen özüni ýurduň döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär diýip yglan etdi. Ol bu barada TF-1 teleýaýlymynda çykyşynda habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Öň, hepdäniň sişenbe güni Parižiň şikaýat kazyýeti Ýewropa Parlamentind...
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Abu-Dabi şäherinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 1 — 10-njy iýul aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriň Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän Khalifa uniwersiteti tarapyndan guralýan «Daşary ýurtly talyplar üçin tomusky energetika lageri» atly okuw maksatnamasyna laýyklykda, okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Bu barada Türkmeni...
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary Florensiýada tomusky okuw tejribeligini geçýärler
Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Italiýanyň Florensiýa şäherindäki Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynda tomusky okuw tejribesligini geçýärler.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, tejribeligiň dowamynda talyplar dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bi...
Ýere uçup gelýän Apofis asman daşyny 7,6 milliard adam görer
Ýere garşy uçup gelýän Apofis asman daşy (asteroidi) ummasyz kän adamyň gözýetiminde bolar. Alymlar maglumatlar toplandygysaýy onuň biziň planetamyz bilen ýygjam ýakynlaşmagynyň möhletini jikme-jik anyklaýarlar.
Hasaplamalara görä, 2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde Ýeriň ilatynyň 90 göterime golaýy (takmynan 7,6 mlrd adam) Apofisi optiki enjam...
Kuzbas taýgasynda 13 ýyllap ýatan fotoenjam tapyldy
Russiýaly žurnalist Anton Mironow Kuznesk Alataunda adaty bolmadyk tapyndynyň üstünden bardy: daglyk ýerde kän ýyllap ýatan fotokamerany tapdy. Taýganyň ýowuz tebigaty enjama zeper ýetirip bilmändir. Onuň ýady hem abat saklanyp, içinde-de köpsanly suratlar bar ekeni diýip, «МК в Кузбассе» neşiri habar berdi.
Fleşkanyň içindäki fotosuratlaryň...
Arçabil şaýoluny bölekleýin abatlamak boýunça bäsleşik gaýtadan yglan edildi
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň suwaryş ulgamlary üçin suw geçirijileri we desgalary gurmak, şeýle hem Arçabil şaýoluny bölekleýin abatlamak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan edýär. Bu baradaky bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Gyzyklanma...
Kosmonawt Marsyň geljegi barada pikirlerini paýlaşdy
Awstriýaly kosmonawt Frans Fibek «RIA Nowosti» habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde Mars planetasynyň geljegini nähili göz öňüne getirýändigini gürrüň berdi. Ol adamzat haçan hem bolsa, bu planetada düşelge gurup biler diýen pikire ynanmaýandygy barada jogap berdi.
«Ol ýerde häzirki Antarktidadaky ýaly alymlaryň ýaşaýan we işleýän ylmy barl...
DÇ-2026-nyň ilkinji çärýek finalynda Fransiýa bilen Marokko duşuşar — oýny Belet platformasynda görüp bolar
10-njy iýula geçilen gije ABŞ-nyň Foksboro şäherindäki «Jillett» stadionynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň birinji çärýek final duşuşygy geçiriler. Onda Fransiýanyň ýygyndysy bilen Marokkonyň ýygyndysy ýarym finala çykmak ugrunda güýç synanyşarlar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da başlanar. Oýnuň göni ýaýlymyna Belet s...
Grossi BMG-niň baş sekretary saýlansa, hemmeler bilen gepleşikleri alyp barjakdygyny aýtdy
Halkara atom energiýasy boýunça agentligiň baş direktory Rafael Grossi eger Birleşen Milletler Guramasyna baş sekretarlygyna saýlansa, hemmeler bilen dialogy alyp barjakdygyny aýtdy diýip, «ria.ru» ýazýar.
Grossi BMG-niň Halkara atom energiýasy boýunça agentlikden (MAGATE) tapawutlanýandygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, BMG-de möhüm merkez...
GARAŞSYZ BITARAP WATANY GÜLLEDÝÄN – HALK BÄHBITLI BEÝIK ÇÖZGÜTLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täze itergi berildi. Häzirki döwürde milli däplere laýyklyk...
TOMUS PASLYNYŇ LOWURDYSY WE DURMUŞYŇ TÄZE JOŞGUNY
Tomus pasly özüniň altyn öwüşginli Gün şöhleleri, gözel tebigaty we joşgunly mähri bilen ýylyň iň ajaýyp döwürleriniň biridir. Bu pasylda daş-töwerek bütin barlygy bilen nurlanýar, tebigat bolsa özüniň iň kämil, iň baý reňklerini sergileýär. Sahawatly topragymyzyň goýnunda ýetişýän gök-bakja önümleri, baglary bezeýän ter miweler tebigatyň ynsana go...
MetLife-daky gözýaşlar: Neýmar Braziliýanyň ýygyndysy bilen hoşlaşdy
Braziliýa futbolynyň iň beýik we ajaýyp oýunçylarynyň biriniň döwri tamamlandy. Ýurduň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan gaýdandan soň, toparyň ýyldyz hüjümçisi Neýmar özüniň milli ýygyndydaky karýerasyny resmi taýdan tamamlaýandygyny mälim etdi.
Bu beýik döwür edil 16 ýyl mundan ozal hemme zadyň başlanan ýerinde jemlendi....
Gara, gyzyl we altynsow: FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň finaly üçin topy görkezdi
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) sosial sahypalarynda 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň final oýnunda ulanyljak «Trionda Final» resmi topunyň ilkinji suratlaryny paýlaşdy.
«Bütin dünýäniň seredýän wagty, her bir galtaşygyň ähmiýeti bar. Siziň dykgatyňyza — Trionda Final» diýlip, neşir edilen ýazgyda bellenilýär.
Gurluşy we kamera...
Toyota bilen Joby Aviation hyzmatdaşlykda howa taksilerini öndürýän kärhana döreder
Ýapon korporasiýasy Toyota Motor Corp. we amerikan kompaniýasy Joby Aviation ýolagçy gatnawy üçin niýetlenen, dikligine uçup-gonýan elektrik uçuş enjamlarynyň (eVTOL) tapgyrlaýyn önümçiligini taýýarlamak maksady bilen bilelikdäki kärhanany döretdi.
Bu kärhana Joby Toyota Aero Manufacturing Preparation Co. diýlip atlandyryldy we ol Kaliforniý...
NASA Aýa adam äkitmäge taýyn däldigini boýun aldy
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Aýa adamly uçuşy guramak we ol ýerde durnukly baza gurmak üçin häzirki wagtda ýeterlik maglumatlara eýe däl. Bu barada NASA-nyň Aý bazasyny döretmek boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy Karlos Garsia-Galan mälim etdi.
Onuň aýtmagyna görä, Aý, şol sanda onuň Günorta polýus sebiti baradaky bar bolan maglumatlar adaml...
Tailandda ýaşy 2000 ýyla barabar iki sany altyn ýüzük tapyldy
Tailanddaky Don Ýaý Thong ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar iki sany altyn ýüzük tapdy. Olar adam galyndylarynyň golaýyndan ýüze çykaryldy. Bu tapyndylaryň ýaşy 2000 ýyla barabar diýip, «The Independent» neşiri habar berýär.
Gözlegçiler ýüzükleriň birinde gadymy hindi ýazuwy bolan brahmi şriftinde ýazylan...