Serdar Berdimuhamedow Gurultaý saýlawlarynyň geçirilmegi mynasybetli Tokaýewi gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystanyň Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli gutlaglaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany öz hatynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we bu möhüm syýasy wakanyň ähmiýetini bel...
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowany Garaşsyzlyk gününiň 35 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýýa Sanduwa we ýurduň halkyna Garaşsyzlyk gününiň şanly 35 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Maýýa Sanduwa tüýs ýürekden berk j...
Serdar Berdimuhamedow täze Stomatologiýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda täze Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynyň jemleýji tapgyryndaky işler bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Desganyň gurluşygy Görogly we Bekrewe köçeleriniň çatrygynda alnyp barylýar. Merkez dürli ýaşdaky raýatlara stomatologiý...
Misiň bahasy rekord derejede gymmatlady we ýene-de galmagyny dowam edýär
Misiň bahasy düýnki ýeten rekord derejesine garamazdan, ýene-de gymmatlamagyny dowam edýär.
London metallar biržasynda (LME) üç aýlyk fýuçersleriň nyrhlary sişenbe güni 0,5% ýokarlanyp, bir tonna üçin 14 349,5 dollara ýetdi. Çarşenbe güni bolsa olar ýene 0,5% artyp, tonnasynyň bahasy 14 415,5 dollar boldy.
Comex biržas...
Teatrlar gapysyny açýar: «Ömür daragtyndan» «Söýgi duralgasyna» çenli..
29-njy awgustdan Türkmenistanyň öňdebaryjy teatrlarynda 2026–2027-nji ýyllaryň täze möwsümi başlanar. Döredijilik toparlary täze oýunlary taýýarlaýança, ilkinji günlerde tomaşaçylara eýýäm tanyş bolan sahnalar görkeziler.
Ilkinji sahna oýunlarynyň tertibi:
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatr...
Jek Ma Alibaba-nyň 76 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy
Alibaba Group-y esaslandyryjylaryň biri bolan Jek Ma kompaniýanyň emeli aň pudagyndaky meýilnamalaryny ilerletmek maksady bilen, soňky günlerde 76 million dollardan gowrak paýnamasyny satyn aldy. Bu barada degişli çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Mundan öň bu söwda barada South China Morning Post hem ýazypdy.
Alibaba-nyň...
Köneürgenç şäherinde täze mekdep gurulýar
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň merkezinde 420 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşygy alnyp barylýar. Iki gatly täze binada çagalaryň bilim almagy, sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulan.
Mekdep interaktiw enjamlar, döwrebap mebeller, okuw gollanmalary hem-de görkezme esbaplar bi...
Türkmen söweşijileri Abdulla Babaýew we Eziz Penjiýew nobatdaky tutluşyga taýýarlyk görýär
MMA boýunça türkmen söweşijileri Abdulla Babaýew we Eziz Penjiýew 27-nji we 29-njy awgustda nobatdaky tutluşyklaryny geçirer. Babaýew Minskide (Belarus) geçiriljek Fight Nights 140, Penjiýew bolsa Permde (Russiýa) geçiriljek Ural FC ýaryşynda çykyş eder.
27-nji awgustda Minskiniň Sport köşgünde Babaýew ýeňil agram derejesinde Özbegis...
Kosmosy öwrenmäge taýýarmy? Türkmenistanda NASA Space Apps Challenge hakatony geçer
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Amerikan merkezi mekdep okuwçylaryny, talyplary, programmistleri, höwesjeň alymlary we ylma gyzyklanma bildirýänleriň ählisini «NASA Space Apps Challenge 2026» halkara hakatonyna gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşik 14–15-nji noýabrda Amerikan merkezinde geçiriler. Gatnaşyjylary hasaba alyş 2...
Allaýar Şirliýew Abu-Dabidäki küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy
Türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew Abu-Dabide (BAE) geçirilen 32-nji Halkara küşt festiwalynyň çäginde Open A ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Festiwal 15 — 24-nji awgust aralygynda geçirildi. Aşgabatly türgen şweýsar ulgamy boýunça geçen ýaryşda mümkin bolan 9 utukdan 8-isini ýygnady.
Şirliýew ýaryşda ýedinji belgi bilen çyky...
Türkmenistanda ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bir aýlyk başlar
1-nji sentýabrdan başlap, Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bir aýlyk başlanar. Şeýle çäre eýýäm on ikinji gezek badalga alar.
Bu ýyl çäre «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» şygary astynda geçirilýär.
Bir aýlygyň çäginde ministrlikler we degişli edaralar sürüjiler...
Serdar Berdimuhamedow Serbiýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Döwlet Baştutany ýurtlaryň arasyndaky...
Dünýä ummany ilkinji gezek 21,1 gradusa çenli gyzdy
22-nji awgustda Dünýä ummanynyň üstüniň ortaça günlük temperaturasy rekord derejä — 21,1 gradusa ýetdi. Bu barada Ýewropanyň klimatyň üýtgemegi baradaky «Copernicus» gullugy habar berdi.
Mundan öňki iň ýokary görkeziji — 21,09 gradus — 2024-nji ýylyň mart aýynda hasaba alnypdy.
Täze görkeziji 2023-nji ýylda goýlan awgu...
Gurbanguly Berdimuhamedow Tokaýewi Gurultaý saýlawlarynyň şowly geçmegi bilen gutlady
25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň...
Pardaýewa, Rahymow we ýene 8 türkmen dzýudoçysy Lozannadaky ýaryşa gatnaşar
Türkmenistandan Maýsa Pardaýewa, Serdar Rahymow we ýene sekiz dzýudoçy 28 — 30-njy awgust aralygynda Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçiriljek Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar. Ýaryş 78 ýurtdan 532 türgeni jemlär.
Ýaryşda Türkmenistana wekilçilik edýän türgenler:
Erkekler: Ural Bagtyýarow, Ygtyýar Gurbanberdiýew (60 kg),...
Hindistan zergärçilik önümleriniň ýyllyk eksportyny $100 milliarda ýetirmegi maksat edinýär
Hindistan gymmatbaha daşlaryň we zergärçilik önümleriniň eksportyny 2040-njy ýyla çenli 100 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär. 2025–2026-njy maliýe ýylynda bu görkeziji, takmynan, 28 milliard dollara barabar boldy.
ANI agentliginiň habar bermegine görä, ýurduň hökümeti şol 100 milliardlyk sepgide goşulan gymmaty ýokary bolan...
Ýok, bu iPhone däl: Insaýder Galaxy S27 Ultra-nyň dizaýnyny görkezdi
Ice Universe lakamy bilen tanalýan insaýder «Samsung Galaxy S27 Ultra-nyň» soňky dizaýnynyň CAD-çyzgylaryny ele salandygyny nygtaýar. Onuň aýtmagyna görä, işläp taýýarlamagyň bu tapgyrynda smartfonyň daşky görnüşini düýpli üýtgetmek eýýäm giç, şol sebäpli hem neşir edilen maglumatlar flagman smartfonyň ahyrky dizaýnyny görkezip biler.
...
Howa şertleri Hytaýyň «Çane-7» Aý missiýasynyň uçuşyna böwet boldy: ol 2027-nji ýyla süýşürildi
Hytaý Aýyň günorta polýusyna uçup, ol ýerde suw buzunyň bardygyny barlamaly bolan «Çane-7» (Cháng'é qīhào) Aý missiýasynyň uçurylyşyny soňa goýdy.
Uçuş 24-nji awgusta meýilleşdirilipdi, ýöne howa şertleri sebäpli missiýa şu ýyl uçurylmaz diýlip, Hytaýyň Dolandyrylýan kosmos uçuşlary maksatnamasy edarasynyň (CMSA) beýanatynda aýdylýar...
Hytaýda awtoulaglaryň günde 3-4 sanysy tanyşdyrylýar: täze modeller üç aýda «könelýär»
Hytaýyň awtoulag bazarynda 2026-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 542 sany täze ýa-da täzelenen modeliň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu günde ortaça 3,6 ulag görkezilendigini aňladýar. Şeýle maglumatlary BYD kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti He Çžiçi getirýär.
Onuň aýtmagyna görä, köp modeller eýýäm birnäçe aýdan soň täze ulag...
Şawkat Mirziýoýew Trampa iki sany milli özbek eýwanyny sowgat berdi
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew amerikan kärdeşi Donald Trampa iki sany eýwan sowgat berdi. Bu barada The New York Times neşiri habar berýär.
Agaç eýwanlar eýýäm Waşingtona elitildi we olary Trampyň «Amerikan gahrymanlarynyň milli seýil bagyny» döretmegi meýilleşdirýän West-Potomak seýilgähinde gurnap başladylar.