Garry Fred ýaraman keselhana düşüpdir. Maşgalasy Frediň indi köp ýaşamajagyny bilip maşgala ruhanysyny hem çagyrypdyr. Ruhany Frediň ýanyna gelip duranynda Fred ýerinden gozganyp eli bilen ýazmaga kagyz bilen galam sorapdyr. Ruhany Frediň isleýän zatlaryny derrew düşünüp oňa kagy bilen galam uzadypdyr. Fred bolsa kagyza çalt çalt bir zatlar ýazyp ruhana uzadypdyr we yz ýany ölüpdir. Ruhany bolsa beýle ýagdaýda kagyzy okap durmagyň gelşiksiz boljagyny bilip kagyzy jübsüne salypdyr. Ertesi gün Fred jaýlanjak wagty ruhanynyň ýadyna onuň beren kagyzy düşüpdir. Jeset gömülmäkä Ruhany hemme kişiniň öňüne çykyp: - Mähriban Fred ölmänkä menden kagyz sorap oňa bir zatlar ýazyp maňa berdi. Şol wagt ýeri däl diýip kagyzy okamagy uslyp bilmedim ýöne indi hemmäňiziň öňünde şol ýazylan zatlary okamak isleýärin. diýýär we jübsünden kagyzy çykaryp belent ses bilen okaýar. - Gaýrat edip gyra süýş dem alýan şlangamy basýaň.

Köneler, dayaw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir