Dünýäniň iň beýik hakykatlaryndan biri, pederiň we ene-atanyň çagalaryna bolan mähridir. We hakly bolar, olaryň bu mähirliligi üçin hak eden hormaty. Sebäbi olar, öz durmuşlaryny kämil bir lezzet bilen balajyklary üçin gurban edip sowýalar. Şonuň üçin, adamçylykdan çykmadyk we janawara dönmedik bir çaganyň paýyna düşen zat- ol wepaly we janköýer dostlara dury, arassa hormat we çyn ýürekden hyzmat we razylygyny gazanmak we ýüreklerini kaýyl etmekdir. Daýylar, daýzalar.. olar hem peder we eje hökmündedir. Ine munuň ýaly mübärek ýaş-ulylaryň bedenlerini çekip bilmän, olaryň ölümini arzuw etmek, nähili wyždansyzlyk we nähili nejislik, bil we aýyl! Hawa, öz durmuşyny seniň durmuşyň üçin pida edeniň ömrüniň iň gysga wagtda gutarmagyny dilemek nähili betgelşik bir zulumlygyny aňla! Eý geçimlilik derdi bilen ugraşýan adam! Şuny bil, seniň ojagyňdaky berekediň diregi, rahmediň wesilesi we başyňa geljek musibetlere garşy böwet, şol ojagyňdaky ýaşaýyşyna çydap bilmedigiň garry, kesel ýa-da çolak birileridir. Hiç bir şekilde diýme: "Geçimliligim dar, bejerip bilemok, oňaramok" Sebäbi olar sebäpli gelen bereket bolman bolsa seniň dar geçimliligiň mundan hem epesli daralardy. Bu hakykaty menden eşit we ynan. Munyň kesgitli subutlaryny bilýän, seni hem ynandyryp bilerin. Ýöne uzatmamak üçin gysga tutjak, diňe ynan. Aslynda ýemin edýän, şu hakykat beýle kesgitli welin, nebsim we şeýtanym hem bu hakykata garşy teslim boldylar. Nebsimiň hötjetini gyran, we şeýtanymy geplemez eden bir hakykat, seni hem hakykylygyna ynandyrmaly. Hawa, soňsyz derejede Rahman, Rahym, Latif we Kerim bolan Halyk-y Züljeläl we'l Ikram, çagalary dünýä goýberen wagty arkasyndan ryzyklaryny gaty ýakymly şekilde goýberip, ejeleriniň muslugyndan agyzlaryna akydyşy ýaly, çaga hökmüne gelen, we çagalardan köpräk merhemede laýyk we mähreme mätäç garrylaryň ryzyklaryny bereket şekilde goýberýär. Olaryň geçimliligini gysganç adamlara ýüklemez. Diňe garryja garyndaş däl, adamlara dost şekilde goýberilen pişik ýaly käbir mahluklaryň ryzyklaryny hem bereket şekilinde goýberýär. Eý adamzat! Bir haýwanyň adamyň ojagyna myhman bolup gelen wagty berekede sebäp bolýan bolsa, ýaradylanlaryň iň mertebelisi bolan adam we adamlaryň iň kämili bolan mü'minler, mü'minleriň arasynda iň uly hormada laýyk güýçsiz we kesel garrylar, we bu garrylaryň içinde iň mährem, hyzmat we söýgä laýyk bolan garyndaşlar, we garyndaşlaryň içinde iň hakyky dost we iň wepaly jan bolan peder we ene-ata, yhtyýar şekilde ojagyňda bar bolsa, onda nähili derejede berekede wesile we rahmede ulaglygy we "Bili bükülen ygtyýar garrylaryňyz bolmasady, siziň üstüňize belalar sil ýaly dökülerdi" hadysyndaky manysyna seredip, bularyň belalara garşy nähili böwetdigini sen kyýasla! Eý adamzat! Eger ölmeseň, sen hem bir gün garrarsyň. Jeza, "edilen işiň görnüşinde bolar" syry bilen, sen ene-ataňa hormat etmeseň, seniň çagaň hem saňa hormat etmez. Meger ahyraty söýseň, ine saňa möhüm hazyna; olara hyzmat et, razylygyny gazanjak bol. Meger dünýäni söýseň, ýene-de olary razy et, olaryň üsti bilen durmuşyň rahat we bereketli geçsin. Ýok, garaz olaryň barlygyna çydamasaň, ölümlerini isläp olaryň näzik we kiçijik göwünlerine degseň, onda "Dünýäsini-de, ahyratyny-da ýitirdi!" tehdidine uçrarsyň. Eger Rahman'yň rahmedini isleseň, o Rahman'yň sowgatlaryna we emanatlaryna merhemet et. (Mektubat, 21-njy Hat, Risale-i Nur) Said Nursi 20-nji asryň iň uly Müslüman alymlaryndan biri bolup, 6 müňe gowrak sahypalyk Risale-i Nur ýygynynyň awtorydyr. Yokardaky paragraflar, ondan bir kiçijik bölejik. Dogalaryňyzla...

Köneler, azizturkmen tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir