Indoneziya Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň ştab- kwartirasynda geçirilen bije atyşlygyň jemleri netijesi boyunca 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek XXX Olimpiýa oýunlarynyň Aziýa saýlama ýaryşynyň birinji tapgyrynda türkmen futbolçylarynyň garshydaşy boldy. Birinji saylama tapgyryñ beyleki oyunlary: Tailand-Palestina Iordaniýa-Taýwan Ýemen-Singapur Kuweýt- Bangladeş Malaýziýa-Pakistan BAE- Şri Lanka Hindistan-Mýanma Soýuz Respublikasy Oman-Täjigistan Eýran-Gyrgyzystan Gonkong-Maldiw adalary Ilkinji duşuşyklar 23-nji fewralda atlary ilkinji görkezilen komandalaryň meýdançalarynda geçiriler. Jogap duşuşyklary 2011-nji ýylyň 9-njy martynda bolar. Şol komandalaryň 11 sany ýeňijisine reýtinge laýyklykda, ikinji tapgyrdan bäsleşige girişjek 13 sany komanda goşular. Şol tapgyrda ýygyndy komandalar şeýle hem öz öýlerinde we myhmançylykda oýnarlar. Şondan soň olaryň iň güýçlüleriniň 12-si üç sany topary emele getirer. Olaryň her birinde dört komanda çykyş eder. Saýlama toparlaryň ýeňijileri gönüden-göni 2012-nji ýylyň Olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk alar. Ikinji orunlary eýelän komandalar bolsa goşmaça aýlaw ýaryşlarynda Londonda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň dördünji ýollanmasyny almak ugrundaky yklymara pleý- offuň gatnaşyjysyny kesgitlär. Türkmen futbolçylary milli ýygyndylar derejesinde Indoneziýanyň komandasy bilen 2004-nji ýylda iki gezek duşuşdylar . Şonda 2006-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň çäklerinde komandalaryň ikisi hem öz öýlerinde 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdylar.

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir