Biometriýa ylymlarynyň ussady Doktor Ibrahim Kerimiň yzygider geçiren ylmy barlaglary Allatagalanyň gözel ismleriniň örän köp kesele şypa berijilik energiýasynyň bardygyny subut etdi. Ol ynsan bedeniniň içindäki energiýa mukdaryny barlaýan köpdürli inçe ölçeg gurallary arkaly tejribe geçirip görende, Allatagalanyň her bir gözel isminde energetiki güýjüň barlygy (energiýanyň bardygy), şol ismler aýdylan mahaly ynsan bedeniniň haýsy hem bolsa bir agzasyna çuňňur täsir edýändigi, onuň işjeňliginiň artýandygynyň üsti açyldy. Doktor Ibrahim Kerim ýaňlanma (ýaň, ses, eho) kanunyna laýyklykda, Allatagalanyň haýsy hem bolsa bir gözel ismi aýdylanda onuň ynsan süňňündäki ýaşaýyş energiýasynyň ýollaryny (akymlaryny) sazlaýandygyny, has gowulaşdyrýandygyny anyklapdyr. Bassyr 3 ýyla çeken dowamly tejribeleriň, synaglaryň esasynda Doktor Ibrahim Kerim şeýle netijä geldi: Allatagalanyň gözel ismi Sany Nämä şypaly En-Näfy’ (En-Näfyg) 201 süňkler El-Jebbar 206 oňurga En-Nur 256 ýürek Er-Razzak 308 Ýürek myşsalary El-Ganiý 1060 Çakyza, kelleagyry El-Latyf 129 Burun boşlugy El-Ganiý 1060 Burun boşlugy Er-Rahym 258 Burun boşlugy Er-Razzak 308 Aşgazan, mäde Er-Ra’uf 293 Gulunç, göbek ýanlaryndaky ýa-da içegelerdäki ýiti sanjy En-Näfy’ (En-Näfyg) 201 Ýagly dokuma çişi El-Kawiý 116 Zob mäzleri El-Bäri 214 Böwreküsti mäzler Es-semi’ (Es-semig) 180 gulak Jelle Jeläluhu 102 Rak, düwnük El-Kawiý 116 myşsalar El-Mugni 1100 nerwiler En-Nur 256 göz El-Basyr 302 göz El-Wehhäb 14 göz El-Muta’al 541 Göz arteriýasy Es-Sabur 298 içegeler Er-Raşid 514 prostatit El-Müheýmin 145 Rewmatizm, guragyry El-Hädi 20 Galkan görnüşli mäz El-Hafyd 1481 Gan basyşy, dawleniýe (peseltmek üçin) Er-Ra’uf 293 dyz El-Bedi’ 86 saç El-Wehhäb 14 Ýürek wena damarlary El-Jebbar 206 Paraşitowidnye železy El-Jebbar 206 arteriýa Er-Rafy’ (Er-Rafyg) 351 but El-Haýý 18 böwrek En-Näfy’ 201 bagyr El-Halyk 731 Ýatgy, düwünçek El-Hädi 20 peşewhalta Ez-Zahir 1106 Göz nerwileri Er-Razzak 308 öýken Doktoryň bellemegine görä, ol göz nerwisini sowukladan bir näsagda synap görüpdir. Näsag adam Allatagalanyň En-Nur, El-Wehhäb, El-Habir ismlerini on bäş minutlap gaýtalapdyr. Täsin ýeri, ol şol bada täsir edipdir we onuň gözleriniň gyzarmasy aýrylypdyr. Şol ismler diňe bir dert-keselleri bejermek üçin däl-de, şol agyrylardan goranmak üçin hem okalsa, haýry degýändir. Allatagalanyň şypa beriji gözel ismlerini gaýtalanyňdan soňra, Kurany-kerimdäki şypa aýatalaryny okamaklygyň saglyk energiýasyny, takatyny birnäçe esse artdyrýandygy subut edildi. Ol aýatlar şulardyr: “we hüwe ýeşfi sudural-mü’miniýne”, “we şifä-ul-limä fis-sudur”, “fih şifa-ul-lin-näs”, “we nünezzilu minel-kur’äni mä hüwe şifä-un we rahmetun”, “we izä marydtu, fe-hüwe ýeşfiýni”, “kul hüwe lilleziýne ämenu hüdew-we şifä-un”. Bejerginiň usuly: agyryly ýere eliňizi goýmaly we Allatagalanyň öz ýagdaýyňyza laýyk gelýän atlaryny gaýtalbermeli. Inşallah, ähli agyry-dert Allanyň enaýaty, hemaýaty bilen aýrylar.

Köneler, Sensizmenkimyarebbim tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir