Hasim Rahman - Ewander Holifild


Rahman 5 nji raundda Lennoks Lýuisi nakauda giderip,bütin dünýäni haýrana goýupdy,emma garaşylyşy ýaly ol rewanş söweşinde iňlise ýeňildi. Çempiýonlyk söweşine täzeden girmek üçin,Rahman goja Holifilde garşy söweşmegi karar etdi,ýöne bu nädogry karardy. Ilkinji raundlarda Holifild tötänden garşydaşynyň kellesine urgy geçirdi we munuň netijesinde çiş emele geldi.8 raunda gelip çişen ýeriň göwrümi beýzbol topyna deňeçer ulaldy.7 raunddan soň lukman söweşi togtatdy,eminler açkolary sanamagy karar etdiler we - 69:64 hasapda iki emin ýeňişi Holifilde berdi.Üçünji bolsa Rahman 67:66 hasapda ýeňiş gazandy diýip hasaplady.

Sport, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir