Hemmämiziñ bilşimiz ýaly, bilmek üçin soramak gerek, sebäbi soramaýan ýa-da soramakdan çekinyän adam hiçzat öwrenip bilmez. Pygamberimiziñ “Sorag ylmyñ açarydyr” diýen hadysy hem muña aýdyñ şaýatlyk edýär. Beýleki tarapdan bolsa soramak üçinem bir zatlar bilmek gerek. Mysal üçin haýsydyr bir kompýuter programmasy barada bir zat soramak isleýän adam, soragy soramanka ilki bilen kompýuter barada köp zatdan habarly bolmaly. Bolmasa ne sorag soralan adam birzat düşündirip biler, ne-de soragy soran, soragyna jogap tapyp biler. Sebäbi bu ýagdaý sanlardan başy çykmaýan adama algoritma hakda birzat düşündirmek ýali bir zat bolýar. Ýagny bir netije almak mümkin bolmaýar. Muña ýene bir zat goşsa bolar. Bir adamyñ öz-özüne “men näme üçin täze tehniki gural öndürmeli däl, meñ nämäm kem?” diýip soramagy üçin, ilki bilen ol adam dünýäde tehniki gural öndürilendigi hakdaky maglumata eýe bolmaly. Maglumat gaýraty döredýär, gaýrat soragy emele getirýär.. Sorag bolsa hakyky erk bilen bekedilip bilinse täzeden direlmegiñ buşlukçysy bolup durýar. Onsoñam sorag köplenç ony soran adamyñ aklynyñ derejesini hem görkezýär. Adamyñ akly; soran soragyndan bellidir diýlip, köpden bäri agzalyp gelinýän söz hem bu aýdanymyzyñ dogrudygyny görkezýärmika diýýärin. Şol sebäpli-de, sorag sorajak adam soraýmanka, ilki oñatja pikirlenmeli, soñ soramalydyr. Onsoñam soralan sorag adam gatnaşyklaryny has-da ösdürip biler, masgaraçylykly ýagdaýda gutardybam biler. Bu ýerde belläp geçmeli ýene bir zat bar. Sorag diýmek bilesigelijilik diýmek.. Sorag diýmek agtarmak diýmek.. Sorag diýmek öwrenmek diýmek.. Sorag; ylmyñ ýolunda ädilýän ädimleriñ iñ ygtybarlysydyr. Sorag; ýaltalykdan we jahyllykdan essi aýylan adamyñ, beýle zatlardan bizar bolup bat bilen silkinmegidir.. Sorag; bir adamyñ garañky tamyñ içinde gol gowşuryp oturmagy özüne kemlik bilip, ýagta çykýan ýollary agtaryp başlamagydyr meñ gözümde.. Sebäbi bilimsizlik garañkylyk dälmidir eýsem?! Sorag ylma golaýlaşmak dälmidir eýsem?! Soraglar.. Soraglar.. Soraglar.. Bu bölümde biziñ işimiz şol bolar nesip bolsa.. Ýagny din we iman esaslary hakda köp ýerde soralan we jogaplanan meseleleriñ üstünde durarys we sahypamyzyň bukjasy(habarlaş bölümi) arkaly sizde dörän soraglary elimizden geldiginden jogaplandyrmaga çalyşarys. Sizden sorag soramakdan çekinmezligiñizi haýyşt edýäris. Sebäbi, ähli musulmanlaryñ iñ beýik baýlygy bolan imanlaryny sarsýan, jogap tapylmasa bolsa (Allah gorasyn) gitdigiçe şol adamy imansyz ýagdaýa getirýän, aslynda, ýönekeýje soraglardyr. Siziñem bilşiñiz ýaly, imansyz bolsa jennete girip bolmaýar. Wagtynda em edilmese, ýönekeý ýaralaryñ hem erbetleşip, gangrena bolýandygyny bu ýerde ýatlasak, megerem, öte geçmesek gerek. Sebäbi “kiçijikdi, üns bermedim; ulaldy, ýeñip bilmedim” ýaly ýagdaýlara, gynansagam, asrymyzda örän köp duş gelinýär. Soraglarda duşuşmak umydy bilen...

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir