Günorta Koreýaly hemde amerikaly alymlar sesiň titremegini elektrige öwrüp başladylar. 5 ýyllap üstünde işlenilýän tehnologiýanyň esasy alamatlaryny nano-tehnologiýa emele getirýär. Sesleri emele getirýän tolkunlar bilen jisimleri titredýär, emma bu titreme gaty kiçidir. Muny esasanda, awtoulaglarda duýup bolýar. Aýratynda, uly kalonkalary bolan ulaglarda bu titreme aýdymyň heňine görä duýulýar. Täze oýlap tapylan bu jisim, jübi telefonyna ýerleşdirilende, adamyň sesini elektrik energiýasyna öwrüp, inçe simler arkaly bulary telefonyň batareýasyna goýberýär. Soňra bu energiýa şol ýerde ýygnanýar. Şeýle ýagdaýda adamlar gepleşdigiçe energiýa ýygnamagyny dowam edýär. Esasanda uly şäherleriň galmagallaryny azaltmak hem-de sesleri elektrik energiýasyna öwürmek üçin peýdaly boljak diýlip çaklanýan bu täze tehnologiýa, duýdansyz ýagdaýlarda telefonyň batareýasynyň güýjüniň gutarýan pursatlaryny aradan aýyrmaga, käte möhüm işleriň durmagynyň öňüni almaga kömek eder. www.zamantm.com

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir