Düýshümde men kert dagdan ashak gaytjak bolup durun. Meni diñe dagyñ kert künjeginden tutan ellerim saklaýar. Kertden ashak sallanyp durshuma kömege chagyryaryn. "kömek ediñ...!?" ikinji gezek gygyryp ýetishmänkäm, doganlarym geldi. Olar ýash bolansoñ, kakam bilen ejemden ozdurypdyrlar. Olar meniñ bir elimden tutdylar. Soñra kakam geldi we beýleki elimden tutdy. Meni ýokary chekmäge chalyshýardylar. Onýancha ejem geldi-de kert bolmagyna garamazdan dashlara aýaklaryny goýup, ashak düshdü-de meñ aýaklarymdan göterdi... Ol ýerden chykmankam oýanypdyryn we bu ýagdaý meni oýa batyrdy... "ejem meniñ aýaklarymdan göterýärdi..." ol ýerde ejem hem ashak gaýdyp bilerdi... Ejemiñ eden ishi dashdan seredende gaty ýalñysh hereketdi. Ýöne onuñ üchin ondan dogry hereket ýokdy...Ejemsizem meni ol ýerden chykaryp biljekdiler ahyry... Belki ejem doganlarymyñ we kakamyñ güýjüne ynamsyzlyk edendir. Belki "gaytmaly bolsa, ilki men gaýdaýyn" diýendir. Onuñ(saw) "jennet eneleriñ aýagynyñ ashagyndadyr." diýen jümlesi meni hasam köp pikirlenmäge mejbur etdi. gör eneler nirde, gaýtam tersine bolmaly dälmi näme?! ... 09.03.09 ý.

Köneler, samser tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir