Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! :). Sag-aman otyrmysyñyz? Sizleriñ saýañyzda men gowy :). Bu gün köp otyryp Enelermiz hakda pikir etdim. Enemiz bolmadyk bolsa, biz bu ýagty jahany görmezdik. Enelermiz bizi 9 aý göwresinde göterip, iýmitlendirdi. Eger "dünýäde iiñ köp bergili adamyñ kim?" diýseler "Enem" diýip jogap bererdim. Enelerimizi näçe begendirsegem, az. Enelermiz bizi çagalar bagyna günde elimizden tutup äkitdi, günde egin-eshiklerimize seredishdirip mekdebe ugratdy, ýokary okuw jaýlaryna girmegimiz üçin Ene-Atamyz derläp zähmet çekdi, bizi dyrnak ýaly wagtymyzdan bashlap ep-esli bolýançak ýagny "adam" bolýançak aladamyzy edip, mähirlerini bize bagysh eden Enemizdir. Meniñ üçin iñ mukaddes zat Enem. Ene hakda mukaddes setirleri sizler bilen paýlashmak isleýän: Ene mähri hakda. Özi ene bolan zenan enäniñ ömrüni uzaldýan zatlaryñ köpüsini bilýär. * * * Dünýäde taýsyz gözellik bar bolsa, sho5 gözellik diñe ene kalby bolup biler. * * * Ynsan - gözelligiñ ashygy. Bu duýgy onuñ gözüni açyp göreninden - dünýe gözellikleriniñ iñ beýigi bolan eziz eneñ gözel görkünden gözbash alýar. * * * Dünýäde iñ mukaddes, iñ näzik zatlary bahara deñeýärler. Bahary enelere deñeýärler. Sebäbi baharam eneler ýaly owadan, eneler ýaly mähriban. Bahar eneler ýaly äleme ýashaýysh hem söýgi berýär. * * * Perzendi uly adam bolsada, enäniñ göwnüne ol henizem çaga bolup görünýär. * * * Gül miwä, söýgi mähre, yhlas myrada öwrülýär. * * * Edil enäniñ perzendiniñ didaryndan, perzendiñem eme mährinden doýmaýshy ýaly, bu dünýäniñ söýgä beslenen günlerinden doýma ýokdur. * * * "Eje, seniñ häli-shindi perzentleriñi idäp ýörshüñe men indi düshünýärin. Sebäbi indi menem eje." * * * Her bir ene öz perzendini bagryna basanda, özüni hem ejesiniñ bagryna basyp begenendigi ýadyna düshýär. * * * Beýik ynsanyñ - enäniñ mähir-muhabbetden doly ýüregi hemishe seniñ bilen, nurdan doly gözleri bolsa hemishe seni gözleýär. * * * Göwnüme bolmasa, gelin-gyzlaryñ her bir - dünýäniñ soltany... :) Okanyñyz üçin minnetdar! Copyright © Rowshen-Jm 03.09.2010

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir