aýralyk mukamy
ine, beýik dagyñ sergin shemaly, öwsüp owsunduryar goja baglaryn. Gök meydana seyle gelen owlaklar, ýatladyar yene-de ömrüñ bardygyn. ***** ömür dowam edyar, gündiz guneshli, gijaniñ garañky tümlügi bilen. Durmush dowam edyar, baharly gyshly, yatlama yugrulan endigi bilen. ***** görä, ine, bayyrlaryñ ustunde, beyik dagyñ gujagyny eteklap. küren oba otyr öñki yerinde, pelek çarhyn öz ugruna itekläp. ***** gary eräp shol gojaman daglaryñ, baýyrlaryna yaýylypdyr gözellik. Synlap gecen günlem küysedim, emma yatlamalar galan eken gönezlik. ***** yadymda obanyñ cetine cykyp, owlak sypap, mal bakanja günlerim. Ne sebäpden shol gûnleriñ birinde, satashdy tötänden saña gözlerim. ***** gujagyñda akja guzyñ apalap, sypalap buýruja sakar mañlaýyn. Gulpaklyja gyzjagazdyñ shonda sen, menem oglan ashyklyja gollarym. ***** gol tutushyp, bir yodadan deñ ýörap, copantelpek cöpläp ýeriñ yüzünden, gülälek ýygardyk gujakma-gujak, shatlyk duýup bir-biregiñ sözünden. ***** kem-kem golaylashyp, barha ysnyshyp, bir-birege mähir bilen garadyk. Ýuwash-yuwash arzuwlara gark bolup, bagta sary ynam bilen ýöredik. ***** yzly-yzyna aylar yyllar tirkeship, geldi bize jahyllygyñ bahary. Söýgi, diñe söýgi, söýgi hakynda, arzuw etdik, her günuñ dañ säheri. ***** men jahyl yigitdim, sen juwan gyzdyñ, saña bolan söygim çäksizdi caksiz, seniñ ayjemalyñ görmedik cagym, göwräm galan yaly, göyä gursaksyz. ***** baýyrlara gezelenje gelipdik, belki bizi getirendir duýgymyz. Men shonda düshundum söýgiñ bardygyna, hut shonda dörapdi, biziñ söygimiz. ***** ine bir gün.., köce bilen baryarkam, eshdildi öyñüzde bir gamgyn mukam. Gopuz sesi gussa bilen yañlanyar, oylandym, Ey Tañrym eygilikmikän?! ***** bu owazyñ gussasyna geñ galyp, duýmandyryn birden ayak cekenim. Shol gün.., shol gün ozal calan sazlaryñ däl-de, aýralyk mukamyn çalan ekeniñ. ***** seniñ gozleriñden syrygan gözyash, gursagyma cöküp galan syrlaryñ, ählisini ayan etdiñ bir demde, gyrdy yeleklerim, ganat perlerim. ***** ýeke galdym, shoool owlakly baýyrda, bashy duman tutdy beyik daglaryñ. Hyýalymda gecmishime dolanyp, sensiz yarym jigerimi dagladym. ***** görüp bashyñdaky öyme yaglygyñ, gözýasha gark boldy arzuwly ömrüm. Goluñdaky caga gözüm düshende, bagtyña guwanyp, injaldy köñlüm. ***** emma gözleriñde ünji görunyar, duýulyar üytgeshik bir geñsi gussa. Bilýän, gecen günleñ yatlamalary, dermansyz dert berip eyleyar hassa. ***** düshünyan, maksada yetip bilmedik, göreshdik söygümiz ýykmajak bolup. Ýöne nätjek, ýykdyk ata-enaniñ, yüzüne garany cekmejek bolup. ***** shendizem obanyñ ceti gülälek, owlak-guzy bökjekleýär, oýnaýar. Shükür, ähli zadym yerbe-yer, yöne señ bilen däl.., özge bilen, ezizim! ***** bagtly bol! bagtly bol elmydam, nirede bolsañam köñlümiñ köshgi. Heniz jahyllykda dörän söýgimiñ, sowamaz tutashan, ahmyrly yshgy!!!

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir