salam ejem! yene men geldim. Alada etme mekdebimi gutaryp geldim. Ejelerem kakalar ýaly alada etýarmi bilemok welin, dostum "mekdepden gacsam ejem gaharlanar, alada eder..." diydi-dä. Shonuñ ucin soraydym. Gecen hepde lacyn mugallym, sag elimde sarymsak, cep elimde celpek, diydire-diydire öwretdi sagymy çepimi. Men indi bilyan ejem, sagym niresi, cepim niresi. Agyryan yanymyñ niresidigini indi gowy bilyan, eje jan. hany, gecen gezek gelemde, shu yerim agyryar, ine shu yerim agyryar diyipdimä, ýöne adyny tapman aydyp bilmedimdä. Niramiñ agyrýandygyn Indi aydaýyn, seret, ine shu yerim, cep tarapym agyryar eje jan, hemem her gün, her gün agyrýar... Düyn irden Ahmediñ ejesi saclaryn darap, elinden tutup, mekdebe getirdi. Täzeje-de köynek geyipdir. Jañ kakyldy welin, ýañaklaryndan ogshap: "bar balam sapagyña" diydi. Menem agladym, hic kimden utanman agladym. laçyn mugallym: "näme boldy?" diydi. "ýykyldym, dyzym agyrýar..." diydim. Ýalan sözledim ejem. dyzym agyranokdy, emma cep tarapym agyrýardy, eje jan! bu gün menem sacymyñ daralmagyny isledim. Kakam: "özüñ daraý" diydi. "iñ bolmanda mekdebe bir äkidäý?!" diydim. "oglum, ishim bar" diydi. Menem: "maña näme?" diyip agladym. "ogul, çörek..." diydi kakam. Dymdym, emma mekdebe baryarkam yene agladym. Cep tarapym has gaty agyrdy eje jan! Señ ýanyña gacyp gelyanimi kakam bilenok. Biläysä gaharlanmaz, ýöne gynanaýmagy ahmal. Wahhh, ejem! topragyñy kim dargadýar, gülleriñi kim goparyar. Rugsat berme eje, yalbaryan ejem. topragyña kirli eller degdirmesene. Öye baramda ýadyma düshüp, muña-da aglayan, gynanyan. Seret, ejem, kicijik gap getirdim. Bir gysymjyk aljak topragyñdan. Bilýäñmi ejem, her gezek gelemde alyan gumumy elýaglygyma dolap, üstünede suratyñy goyup, bashujumda goyup yatyan. Her gün irden turup ysgap ogshaýan. Hic kime aytma welin, kämahallar gürleshyanem onuñ bilen. Näme edeyin, seni göresim gelýädä ejem. Hä-ä tasdan yatdan cykaryadym. Mugallym: "ertir ejeler barada düzme ýazyp getiriñ" diydi. Men kakama yazdyrjak. Mugallym biläyse ikilik goyar welin, maña näme, goysa goyup gecsin. Men seni hic görmedimä, name yazaýyn, name diyeyin, ejem! señ adyñy eshtsem cep tarapym agyrýar. Hic zat yuwdup bilemok. Kämahalam cydaman aglayan. Düzmänem shey diyip yazyp bilmenä... Borda, sag bol, gumuña gurbanym, Men gideýin! Ýöne sen düyshümde gelip meni ogshagyn, bormy? Hökman gelgin! Seni düyshümde görmesem cep tarapym agyryp ýatyranok käbäm! çep tarapym agyrýar, edil shu ýerim, çep tarapym gaty agyrýar. Seni göresim gelýär, eje jan! seni göresim gelýär! Seni göresim gelýär,käbäm! seni göresim gelýär!!!...

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir