Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan awtoulaglaryna alaja dakýan sürüjilere jerime salnyp başlandy. On gün mundan öň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärlerinden awtoulaglaryndan alajany aýyrmak barada duýduryşy alan sürüjiler birbada bu görkezmä ymykly düşünmediler. Sürüjiler berlen tabşyrygy derrew ýerine ýetirmek bilen boldular we maşynlaryna dakan alajalary dessine aýyrdylar. Emma wakanyň soňunyň nähili tamamlanýandygyny bilesi gelen bilesigeliji sürüjiler bolsa, duýduryş berlenden soň hem maşynyndan alajany aýyrmandyklary üçin birki günlükde jerime töläp başladylar. Sebäbi nämede? Dogrusy, awtoulaglardan alajany aýyrmak barada görkezmäniň anyk sebäbini hiç kim hem takyk aýdyp bilenok. Bu barada hatda Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri hem özlerine diňe şeýle görkezmäniň berlendigini aýtmak bilen oňýarlar. Uzynlygy bir ýarym metre golaý, ýogynlygy bolsa 14 santimetr bolan bu alajany sürüjiler ulaglarynyň yzky aýnasynda aýlaw şekilinde goýýarlar. Şeýle alajanyň ulagy sürüjä päsgelçiligiň döredip bilmeginiň zerurdygy öňe sürülýär. Soňky birki ýylyň içinde juda ýoň bolan bu alajany, esasan, täzelikde maşyn edinen sürüjiler göz degmezligi üçin ulagyna goýýarlar. Şeýle alajalary paýtagtyň jygyllyk bazaryndan juda gymmat bolmadyk baha satyn alyp bolýar. Alaja barada düşünje Alaja — yslam dini döremezden köp wagt ozal halk arasyndaky yrymlar bilen baglanyşykly däplere girýär. Gadym zamanlaryň adamlary ynsanyň dünýä inmeginiň, kesellemeginiň we ölmeginiň, olaryň durmuşynda bolup geçýän köp zatlaryň sebäbine düşünip bilmändirler. Olar haýsydyr bir göze görünmeýän güýçleriň täsiri bilen bolup geçýär diýip düşünipdirler. Soň-soňlar bolsa adamlaryň bir-birine göz degmegi bilenem şol ýagdaýlar bolup geçýär diýen pikir döräpdir. Göz degmegiň öňüni almak üçin doga-tumar, alaja bag dakmak ýüze çykypdyr. Alaja çagalaryň goljagazyna, uly adamlaryň, haýwanlaryň boýnuna dakylýar. Soňky döwürler bolsa, türkmenler alajany öýüniň töründen hem, maşynlaryna hem dakyp başladylar. Men bu habary eshidip hayran galdym. Name indi mashyna alajada dakmak bolanokmy???!!! Mena hayran galyan!!!

Köneler, hallboy tarapyndan 13 years ago
    hallboy 13 years ago
  • He-he garalap yazanym gidenok:-):-)
    hallboy 13 years ago
  • Garaz sizin bu zatlardan habarynyz bardyr oytdum...
    akwa 13 years ago
  • menem senden estdim
    Goool 13 years ago
  • Bu habary azathabar.comda okapdym, yone edil cynmyka? Mena entek eshdemok alaja ucin saklady diyyanleri! Degselerem yzynda oñunde goyulyan uzyn alajalara degyan bolaymasalar, rula dakylgy alajara azar berenoklarow entek
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri