Bütündünýä saglyk guramasy biziñ Nähili öljegimizi özümiz anyk bilmesek hem, ölümimiz aşakdaky 15 sebäpden biriniñ bolup biljekdigi hakyndaky pikiri öñe sürdi. ButunDünýä Saglyk Guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, aşakda ady agzalan 15 sebäp, ähli ölümleriň 58%-ine (göterimine) barabar bolup duryar: 1. Işemiýa (ýürek agrysy) - 12,6% 2. Beýin-damar hassalyklary - 9,7% 3. Dem alyş hassalyklary (mysal: pnewmoniýa) - 6,8% 4. Ynsan Imýun Sistemasy Ejizligi (Gytlygy) Wirusy (Iňlisçe: HIV) / Gazanylan Imýun Sistemasy Ejizligi (Gytlygy) Sindromy (Iňlisçe: AIDS) - 4,9% 5. Hroniki öýken hassalyklary - 4,8% 6. Aşgazan-böwrek hassalyklary - 3,2% 7. Inçekesel -2,7% 8. Malariýa (çybyn-çirkeyiň çakmasy sebäpli ýüze çykýan kesel) - 2,2% 9. Traheýa / bronhit / öýken rak keseli (8-nji bilen deň) - 2,2% 10. Ýol betbagtçylyklary - 2,1% 11. Çagalyk keselleri - 2,0% 12. Başga näbelli garaşylmadyk şikesler - 1,6% 13. Gipertenziýa ýürek agrysy (12-nji bilen deň) - 1,6% 14. Öz janyňa kast etmek - 1,5% 15. Aşgazan rak keseli (14-nji bilen deň) - 1,5% (sanlar ähli ölümlere düshýän göterimleri esasynda alyndy)

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir