BAGT NAME? "BAGT name?"-diyip soradym PULDAN, PUL: "baylyk"-diyip, altynlary gorkezdi. PULA tarap gadam basjakdym welin, Baylykdan son "MESLIK" meni urkuzdi. Sonra bardym "UZAK OMRUÑ" yanyna, "BAGT senmi?"-diyip, soradym ondan. Diydi:"Jigim, el-ayagyn ysmaz bor, SHoñ uchin chyn bagty gozleme menden." Gaytdym jogap tapman "UZAK OMURDEN", Soñra yolda gabat geldim "ABRAYA". Diydim:"ABRAY aga, sendemi BAGT?" Gorsem, "ABRAY", zaryn-zaryn aglayar. BAGTY tapman, yuzum salyp gelyardim, Birden "SÖYGI" ylgap geldi yanyma. Diydi:"Meni tapsan-BAGTY taparsyn" Hemmamiz söyeliñ HAKYÑ shanyna! Ýetir Gaýra ýurtlar zyndan boldyla maña, Haçan ýeterkäm men arzyly daña, Eý nalyşym bu gün öwrülip ýaña, Arzuwlarym dogduk diýara ýetir. Baslygyp dur, gursagymda hyýallar, Derdim kändir, añ ýetirmez bu daglar, Nirde galdy gamsyz, şadyýan çaglar, Eý Biribar, ajap döwrany getir. Señ goýnuñda eken dünýä manysy, Ýat illeriñ hözir bermez barysy, Barmykan älemde, Watan ýalysy! Duýgymyñ beýany şol ýeke setir. Çydam etmez indi, köñül bu derde, Salgymyñ görünýär, göze her ýerde, Jebriñden inipdir, gözüme perde, Allam, men biçäräñ hasratyn bitir. Ŷylgyraňda ŷylap gidŷär yüregim, Ŷylgyryşy nurana ŷazdan alypsyň! Göreçleri gijäň ak ŷyldyzyndan, Dili bolsa, meger, közden alypsyň! Säheriňki ŷaňaklaryň terligi, Gylyçdanmy gyŷma-gaşyň ŷerligi?! Göz bilen gepleşyäň, bu ŷeserligi, Diŷŷärler jadyly sazdan alypsyň! Ŷöne käte gazaplanŷaň, -Eŷ, aman! Gyŷa bakyp geçŷäň bize garaman, Meger muny gün çyksa-da eremän, Kölegede ŷatan buzdan alypsyň! Bolŷar, näzdir diŷeli bu gylygy, Edepden, gep-sözüň ŷerlikliligi, İň mukaddes zady Durnuklylygy, İň bir güyçli zatdan, ‘duzdan’ alypsyň!

Köneler, hallboy tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir