Shol külbede öndüm, ösdüm, ulaldym, Datly sherbedinden iche-bilmedim. Höwürtgeden gachdym, ganatdan galdym, Wagtynda gush kibi ucha-bilmedim. Armanym yok myradyma ersedim, Myradym shol, shol külbede ölsedim, Gabyrdan soñ yene külbä gelsedim, Ah, syrat köprüsin geche-bilmedim. Külbäm sende bardyr bilbiliñ sesi, Gülleriñ soltany bägüliñ ysy, Bu eywanly köshküñ yokmy gapysy?, Kösh gapysyn tapdym, acha-bilmedim. Yedi yyl hasratyn baglap öz-öze, Ykbal köpi tashlap, ymtyldy aza, Durmush synaglary düshüpdir yza, Saga, chepe sowdum, gacha-bilmedim. Kem iymedim senden özge yerlerden, Hatda artyk geydim özge nerlerden, Her yiti bolsamam görer gözlerden, Saña baryan yoly seche-bilmedim. Ayralyk ajysyn datdym owurtlap, Dilim yanyp gitdi, dishlerim chatlap, Yowuz hasrat oñushmady kän wagtlap, Ol göchdi, emma men göche-bilmedim. Bu günlerem gecher sürüler döwran, Shol yollara külbäm señ üchin baryan, Näche tutashsam-da, chekmerin arman, WyΣdanym oyandy, öche-bilmedim, Öche-bilmerin men, öche-bilmerin. 'Samser'- 2007
KÜLBÄME HASRAT
- 
                Cwetocek
                15 years ago
                
 - Gowy goshgy samser!
 
- 
                Bravo
                15 years ago
                
 - Da
 
- 
                jumbo
                15 years ago
                
 - samser, gaty gowy!
 
- 
                Bayja
                15 years ago
                
 - Samser gowy gosgy ozun hazir turkiyede okap yormin
 
- 
                bond
                15 years ago
                
 - senki 3 yyl menka 10 yyl boldy shol kulba yetip bilmeyanime
 
- 
                Bayja
                15 years ago
                
 - Nadip 10 bolyaray
 
- 
                samser
                15 years ago
                
 - 2000-dan bäri yolda...
 
- 
                bond
                15 years ago
                
 - dogry.
 
samser 15 years ago- 'Ayralyk entegem dowamda...' gündelikden 01.07.2010