Geldiň ikimizi duşurdy günler.
Şol öňki ýapraklar, şol öňki güller,
Bizi garşylady bagta ýar bolup,
Ikimizdenem has bagtyýar bolup.

A men saňa şeýlebir köp garaşdym,
Dogdy, söndi ýene dogdy ýyldyzlar.
Sen güneş deý maňa elýetmez daşdyň.
Gözýetimden keşbiň gözlände gözlem.


A men sana şeýlebir köp garaşdym.
Garaşdym asmanda aýlar solynça.
Diňe düýşlerimde hakykat bolan.
Arzuwlarym ahyr hasyl bolynça.

Sen geldiňde täze eýýamy açdyň.
Sen bilmediň saňa näçe garaşdym.
Ol wagtlar şemal bolup uçardym.
Seni gözlap aýnalary açardym.

Saçlaryň oýnardym juwan ýaşlaryň.
Ýalňyzlykda sensiz ençe yaşadym.
Şemallardan salam ýolladym saňa.
Gijeler agaryp sapanda dana.

Sen ýanymda bize baglar garaýa.
Şemal gara saçlaryňy daraýa.
Sen bolsa gozüme garayaň sessiz.
Men nädip.Men nädip ýasadym sensiz.

Yok.Men saňa şeýlebir köp garaşdym.
Gündüzler saraldy gijeler soldy.
Carhandakly yollar bilen göreşdim.
Ahyr sana baryan ýoda garşy aldy.

Ykbaldan gacara ugur yok yol yok.
Belki guler ertir gozumiz baglap.
Men giderin yone kone arzuwlar.
Ucup yeter senin yzyndan galgap.

Sebabi men seyle bir kop garasdym.
Yarty bolup galyp yarym idedim.
Bitewi bir mana owrulmek ucin.
Garasyp goresip gozlap yadadym.

Ine sen yuzume garap yylgyryan.
Gorman duyman yadawlygyn gozlermin.
Men bolsam bagtyma ynanman baryan.
Ahyr sony tamam bolan gozlegim.

A men sana seylebir kop garasdym.
Bir mahal yas bolup didane sinip.
Sol gozleri hic unudup bilmedim.
Bir yalnyz sem deyin tumluge damyp

Belki ertir yasap bilersin mensiz.
Belki menem yasap bilerin demsiz.
Bagtyyar durmusum gutarar so mat.
Men onsan yenede boleryn semal.
Yene seni gozlap yollar sokerin.
Ýene agaclaryn gulun dokerin.
Yenede syparyn juwanlan basyn.
Ýene gara tumler bolar syrdasym.
Seni tapyp hasratymy kemerin.
Demin bilen gursagyna sinerin.
Gije yaly saclaryny dararyn.
Yuzun sypap calaja pysyrdaryn.
MEN SANA SEYLEBIR KOP GARASDYM

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir