JOGAPSYZ SÖÝGI (hekaýa)

‹‹ Söýülseň söý, söýülmeseň süýkenme››.
(Kerim Gurbannepesow)

Tomusyň ahyrky günleridi.Ýüregiňi gysdyrýan yssy howanyň ýerini güýzüň mylaýym salkyn howasy eýeleýärdi.Agaçlaryň ýapraklary saralyp düşüp başlapdy ,daýhanlar ýetişdiginden öz hasyllaryny ýygnaýardylar.Herkim öz işi bilen gümrady...
Merdan 5-nji synpy tamamlady.Ol obada ulalyp ösdi.Ähli ünsi okuwdady.Deň-duşlarynyň arasynda hem abraýy ýokarydy,onuň sözüni diňleýärdiler.
Wagt ýaman tiz geçýärdi.Dek düýnkide olar mekdebiň gapysyndan ätläpdiler.Indi bolsa ol 6-njy synpa geçmelidi.Merdanda okamak höwesi güýçlidi.Ýöne oba mekdebiniň berýän bilimi ony kanagatlandyrmaýardy.Kakasy Perhat aga hem oglunyň gowy bilim alyp,okuwly-işli bolmagyny isleýärdi.Birgün ol göýä oglunyň içki pikirlerinden habardar ýaly,okuw barada gürrüňi gozgady.
―Merdan,oglum,senem indi ullakanja oglan bolduň.Menem indi senden birugsat iş edip biljek däl.Gönimden gelsem aýtjak gepim seniň okuwyň bilen bagly –diýip,Perhat aga dymdy.
―Kaka,arkaýyn aýdyber,men diňleýän –diýip,Merdan gözlerini kakasyna dikdi.
―Men seniň nähili okaýandygyňa belet,tüweleme,gowy okaýaň.Ýöne meniň alada galýan zadym,obada uly synplary göwne makul okadyp baranoklar.Uly synplaryň içinde garagol,diýen etmez çagalar köp bolýa.Onsoň olara mugallymlar hem terbiýe berip bilenok.Şol sebäpden hem men seni şäheriň abraýly mekdepleriniň birine ýerleşdiräýsem diýýän –diýip,Perhat aga ogluna seretdi.
Kakasynyň bu sözleri Merdan üçin hoşhabar boldy.Ol ganat baglap uçaýjak boldy.Merdan kakasynyň bu pikirini makullady.Şeýlelikde,ol okuw ýyly başlanmanka şäheriň iň göreldeli,ýöritleşdirilen mekdepleriniň birine synag tabşyrdy.Merdan synaglardan üstünlikli geçdi.Ine,şeýdip ol şäher mekdebinde okap başlady.
Ilkinji okuw günleri onda biraz kynçylyk döretdi.Täze synpdaşlar, täze jaý,öň görülmedik nätanyş ýerler ony darykdyrdy.Emma birki gün geçensoň ol hemme zada öwrenişdi..Şäher ýeri bolansoň,onuň synpdaşlarynyň aglaba bölegi özbek milletlidiler.Olar diýseň terbiýeli okuwçylardy.Merdan şäher bilen mazaly öwrenişdi.Synpdaşlary bilen hem arasy gowudy.
Ine,şeýdip,günler geçip başlady.Okuwçylar nädip okuwyň gutaranynam duýman galdylar.Tomusky dynç alyş başlandy.Merdan hem öz obasyna dolandy.Öňki synpdaşlaryny gördi.Ol oba gelen güni iň ýakyn dosty Orazlara bardy.
―Merdan,dostum,gel-geç –diýip,Oraz dostuny gadyrly garşy aldy.
―Oraz,dostum,ýagdaýlaň gowmy –diýip Merdan hem dostunyň hal-ýagdaýyny sorady.Umuman aýdanyňda iki dost uzakdan-uzak söhbetleşdiler.Olaryň gep-gürrüňi tükener ýaly däldi.Sebäbi dostlar biri-birini kän wagtdan bäri görmändi.Oraz Merdana obadan gidensoň näme üýtgeşmeleriň bolandygyny aýdyp berdi...
...Ine,şeýdip,tomusky dynç alyş hem tamamlandy.Okuwçylar ýene 1-nji sentýabrda okuw esbaplaryny alyp mekdebe bardylar.Olary synp ýolbaşçysy Şirin Myradowa mähirli garşy aldy.
―Gadyrly okuwçylar!Tomusky dynç alyşy gowy geçirdiňizmi?! –diýip Şirin mugallym okuwçylardan sorady.
―Hawwa -diýip,okuwçylaryň hemmesi biragyzdan jogap berdiler.
Mugallym okuwçylar bilen okuw hem-de tertip meselesi barada biraz gürrüň etdi-de sapaga başlady.Merdan ýene öňküleri ýaly,okuwy dowam etdi.Synpda gowy okaýan diňe Merdan däldi.Synpdaşy Kamila hem onuň bilen deň derejede okap bäsleşýärdi.Olar biri-biri bilen ýaryşyp okaýardylar.Her hepde alan bahalaryny deňeşdirip görýärdiler.
Kamila gök gözli, öwşün atýan gara saçly, akja ýüzli, orta boýly gyzjagazdy.Ol diýseň owadan gyzdy.Synpda hemme oglanlar oňa aşykdy.Emma onuň ne söýgi bilen,ne-de ýigit bilen işi ýokdy.Bar ünsi okuwdady.
Merdan mekdebe gelen ýyly onuň bilen bir partada oturypdy.Olar sapaklara bileje taýýarlanýardylar.Hemme oglanlar Merdana gözigidijilik bilen seredýärdiler.Sebäbi Kamila bilen oturmak beýleki oglanlar üçin uly bagtdy…
* * *
Bir gün sapakda Merdan üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy.Ol synp tagtasyndaky mysallary göçürip otyrdy.Birdenem onuň gözi Kamila düşdi.Şol wagt onuň ýüregi şeýle bir çalt urdy welin,edil kapasa salnan guşa döndi.Göwnüne bolmasa Kamila öňküdenem has owadanlaşana meňzeýärdi.Şu wagta çenli Kamilanyň şeýle owadanlygyny duýmandygyna Merdan haýranlar galdy.Onuň özüne seredip aljyrap oturanyny Kamila görmedi.Sebäbi ol häzir ýumuş berilen mysaly çözmek bilen başagaýdy.
Merdan Kamila bilen gürleşmäge bahana gözledi.Ahyryn tapdy.
―Kamila!
―Näme?
―Sen mysaly işläp bolduňmy?!
―Ýok entäk,çözüp otyryn.
―Kömek edeýinmi?
―Ýok.Hökman däl.Häzir çözüp bolýan menem.
―Hmm...Bolýa.Kömek gerek bolsa aýdaý.
Merdan Kamila bilen ýene öňküsi ýaly bir partada oturmagy,onuň bilen gürrüňleşmegi isleýärdi.Emma,munuň alajy ýokdy.Sebäbi Kamila indi öňki ýaly däldi.Ol asla oglan bilen oturmak islemeýärdi.Öňki partadaşy Arslany hem “köp gürleýä” bahanasy bilen mugallymyna ýamanlap başga ýere geçirtdi.Şeýdip ol:”Oglanlar maňa okamaga päsgel berýä” –diýip,synp ýolbaşçysyndan haýyş edip,ýakyn jorasy Hurma bilen oturdy.Indi Merdan näme edip,näme goýjagyny bilenokdy.
Merdan şu çaka çenli söýgi diýlen duýgynyň adamy ne günlere salýandygy barada umuman pikirlenmedi,sebäbi ol asyl yşk derdine sataşyp görmändi ahyryn.Emma ykbalyň ters oýny sebäpli,söýgi derdi onuňam başyndan birdenkä indi duruberdi.Ol indi ýatsa-tursa göz öňünde diňe Kamilany görýärdi,ýatsa düýşinde,tursa huşunda ýöne Kamila bolup durdy.Kamila bolsa söýgini asla kellesine getirmeýärdi,şol sebäpli Merdanam özüni söýýändir diýip,pikirem etmeýärdi.Ol bolsa,niçe günler bäri,söýginiň ýakyp-gowrup barýan ataşyndan kül bolana dönüpdi.
Günler şu zeýilde dowam edýärdi.Öň haýaljak geçýän wagt,indi Merdan üçin,örän çalt geçýärdi.Sebäbi onuň bar arzuw-islegi,günde Kamilanyň güler ýüzüni görmekdi.Öňki bilgirje oglanjykdan derek galmandy.Söýgi ony bütinleý üýtgetdi,sapaklara ýetişigi hem pese düşdi.Merdan käte,öz söýgisini Kamila duýdyrmak isleýärdi.Emma çekinýärdi.Sebäbi birden Kamila onuň söýgüsini inkär edäýse,onda Merdan bu ýagty jahanda nädip ýaşasyn? Şeýle pikirler ony gam-gussa batyrýardy,oglan gün-günden saralyp solýardy...
...Aradan ençeme wagt geçdi.Merdan hem indi 9-njy synp boldy.Iki ýyl geçmegine garamazdan,onuň söýgüsiniň bady gaýtmady(sebäbi ol ilkibaşda muňa hakyky söýgi däl-de,ýaşlygyň ýelgini diýip düşünipdi).Wagt geçse Kamilany unudaryn diýip pikir etdi.Emma beýle bolmady,sebäbi bu hakyky söýgidi.Birgün Merdan ençe wagtdan bäri pikir edip ýören islegini etmegi ýüregine düwdi,mekdebe baranda hökman Kamila öz söýgüsini beýan etmegi özüne şert etdi.Ol şeýle hem etdi.
Merdan mekdebe irden bardy.Ol Kamilanyň gelerine garaşýardy.Onuň garaşan wagtam gelip ýetdi.Uly arakesmäniň jaňy kakyldy.Hemmeler howlugyp mekdep naharhanasyna ylgadylar.Kamila hem joralary bilen gidip barýardy.Ýöne Merdan ,özüniň wajyp aýtjak zadynyň bardygyny aýdyp,ony saklady.
―Näme diýjekdiň Merdan?Diňleýän.
―Kamila,men saňa muny has öň aýtmalydym...
―Merdan,näme sen indi meni şeýdip,biderek saklap durjakmy?
―Ýok.Ýöne aýtmana çekinýän.
―Bäh...Şo utanjaň häsiýetiňi entägem goýmansyňda.
―Bolýa.Men muny şugün aýtmasam bolmaz.”Kamila,men seni söýýän!”
―Näme..? Senem tapýaňaý Merdan.Degişmeçiligem oňaraýýaň(hezil edip gülýär).
―Ýok.Men çynymy aýdýan.Seni çyndanam söýýän.
―Çynym diýsene(agras sypata geçýär).Näçe wagtdan bäri?
―Üç ýyl boldy.Şunça wagtdan bäri kellämde diňe sen.Seni hiç ýadymdan çykaryp bilemok.
―Sen maňa razylyk berermiň?
―Şunça wagtlap çydapsyň...Indem çydada geziber.
―Aýdýanyň näme Kamila? Sen meni öldürjek bolýaňmy?
―Öldürip,öldürmez ýaly,men näme edipdirin? Eýsem men saňa meni söý diýdimmi?
―Ýok.Diýeňok.Emma söýgi duýdansyz gelýän eken.Seni söýenligim üçin,men günäkär dälä Kamila.
―Elbetde,sen günäli.Başga kim günäkär bolsun.Söýde geziber,meň garşylygym ýok.Ýöne menä seni zor bilen söýüp biljek däl.
―Diýmek,sen meni söýeňokda şeýlemi?
―Howwa.Şeýle.
―Bolýa.Arkaýyn bol.Men indi seni asla bimaza etmerin...
...Ýigidiň ähli arzuwlary puç boldy.Ol özüniň ilkinji söýgüsiniň inkär edilmegine namys etdi.Möňňürip aglasy geldi.Merdan birzada düşindi,indi oňa bu mekdepde okamakdan many galmandy.Sebäbi gün gelip,Kamilany başga bir oglan bilen görmek islemeýärdi.Şonuň üçin hem ol öýündäkilere,özüniň bu mekdepden gitmek isleginiň bardygyny aýtdy.”Näme üçin?” –diýip,sorag berenlerinde bolsa,”Ol mekdepde hem gowy okadanoklar,ondan gowsy öňki synpdaşlarym bilen okajak” –diýip,bahana tapdy.
Şunlukda,Merdan 10-njy synpda ýene öňki synpdaşlarynyň ýanyna dolanyp geldi.Öňki synpdaşlary birazajyk bolsada,onuň göwnüni göterdi.Ýöne Merdan indi öňküleri ýaly alçak,öňdeçi däldi.Ol indi örän dymma,agras sypata geçipdi.”Jogapsyz söýgi”ony şu güne saldy.Şondan soň,Merdan hiçkimi söýmedi.Kamila hem gaýdyp duşmady.
Ýöne Merdan birzada düşündi:”Durmuşda öz söýeniň üçin däl-de,seni söýüp,jan köýdürýänleri söýmegi başarmaly!”


Sabyr Ýegelekow (#SaDMaN)

Edebiýat, SaDMaN tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir