Dünýä derejesinde bilim almak üçin akademiki kurslary hödürleýän mugt 6 sany onlaýn web-saýtlar.

1. Khan Academy
Maksady, dünýäniň islendik ýerinde, islendik adam üçin mugt kurslar bilen üpjün etmek bolan, 2008-nji ýylda Salman Khan tarapyndan döredilen onlaýn platforma. Saýtda çagalar bagyna gatnaýan körpelerden başlap, uly ýaşlylara çenli niýetlenip, metematika, grammatika, biologiýa, ekonomika hat-da “Pixar in a box” atly animasiýa ýaly sapaklaryň birnäçesini öz içine alýar. Sapaklar iňlis, rus, türk, özbek dili bilen bir hatarda, 30-dan gowrak dünýä dillerinde alnyp barylýar.

https://www.khanacademy.org/

2. edX
Dünýäniň iň öňdebaryjy uniwersitetleri bolan Garward we MIT tarapyndan döredilen edX-de 2400-den gowrak dünýäniň meşhur uniwersitetleriniň hödürleýän kurslary we 25 milliona barabar öwrenijisi bar. Mugt kurslar bilen birlikde bu platformada tölegli kurslar hem bar.

https://www.edx.org/

3. Coursera
40 million öwreniji, 150-hyzmatdaş uniwersitet. 2700 kurs we 4 sany dereje (bakalawr we magistr derejesinde biznes we MBA, kompýuter ylymlary, maglumat we saglyk). Mugt kurslardan başga-da tölegli kurslar bar. Kurslary alyp barýanlar dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň mugallymlary bolup, sapaklar bolsa wideo şekilli leksiýalar, beýleki öwrenijiler bilen pikir alyşma forumlary we bahalandyrylýan şeklinde bolýar. Tamamlanan kurslar üçin ýörite sertifikatlar elektron görnüşinde berilýär.

https://www.coursera.org/

4. Udemy
Udemy-da 30 milliondan gowrak okuwçy, 50 dilde hödürlenýän 100.000 kurslar, 42.000 mugallym we jemi 22 million minut wideo sapak bar. Beýleki onlaýn platformalar ýaly diňe uniwersitetler we kollejlerden sapaklar bolman, eýsem kontent döredijilere öz sapaklaryny geçmäge hem mümkinçilik döredilen.

https://www.udemy.com/

5. TED-Ed
TED-iň baýraga mynasyp bolan ýaşlyk we bilim goly. Dünýä boýunça 250.000 mugallymly, TED-Ed okuwçylaryň we mugallymlaryň her hepde hyzmatynda bolýan bu platformada original animasiýa wideolary, şeýle hem mugallymlar üçin interaktiw sapaklary geçmek üçin mümkinçilikler döredilen.

https://ed.ted.com/

6. Сodeacademy
Сodeacademy birnäçe kompýuter dillerinde kodlamagy öwredýän interaktiw platforma. Mugt sapaklarynyň köpüsini jemi 11 sagatdan az wagtda gutaryp bolýar. Platformada 45 million okuwça web development, programirleme, informatika we kompýuter ylymlary ugurlaryndan sapak berilýär. Сodeacademy-nyň uçurumlary birnäçe meşhur kompaniýalar bilen birlikde Google, Facebook, IBM we Bloomberg ýaly kompaniýalarda işleýärler.

https://www.codeacademy.com/



Taýýarlan: Merjen ÝAZLYÝEWA.

Bilim, Mister X tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir