Pikirleriň ummanynda gulaçlap, Käte-käte agyr oýa batylýar,
Bize ak süýt beren ejeleň ady, Nämüçindir, söwünçlerde tutulýar.

"Emma, welin, ýöne, bilen, hem..."ýaly, Baglaýjy sözleri ýir ýere jemläp,
Iki sany ýigit gelýär köçeden,
Iki sözüň biri ejeň-ejeňläp...

Paýyş söz içine sygan enäniň,
Hany keramaty, hany hormaty,
"Eje" diýseň, göýä, söýüljek ýaly, Gaýtam, söwünçlerde ykjam ornady.

Beýle sögünçleriň ýaýbaňlanmagy, Döwrümizde iň derwaýys mesele,
Bu ýagdaýyň almasak, biz öňüni, Dowam eder, ol nesilden nesile.

Geliň, dostlar, bu gpzgyny ýagdaýa, Jemlenişip, guralyň biz böwedi, Gözöňüňe gelip dursun enäniň,
Ak süýdi, ekläni hem-de öwüdi...

Edebiýat, Crazy boy tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir