Göwnüme bolmasa, zerur däl indi
Arzuwa beslenip, kaşaň geýinme.
Wagtyhoş bolsamam meýlis kölünde,
Alada bar şatlygymyň teýinde.

Hoşlaşygyň wagty golaýlap geldi,
Sag bol, ýaşlyk — ömrümiziň şatlygy.
Men garrap baramok,
şonda-da belli
Goja bolmagyňam niçik zatlygy.

Kaýyl indi şu ömürde tapanma,
A öň mydam gözlegdedim jahanda.
Ynjalyk tapýardym apy-tupanda,
Gök gürleýip, ýyldyrymlar çakanda.

— Harbylarça dik tutýaryn kaddymy,
Kän bir üýtgän zadam ýok-la keşbimde.
Gojalygam däldir bagtyň ýatdygy,
Şeý diýdim men otuz ýaşdan geçdim-de.

Bu boluş kanundyr dünýäler döräp,
Göwün guşy telim gezek göç eder.
Şükür, häzir-ä men barýaryn ýöräp,
Ýaşlyk atly iň ajaýyp köçeden.

Çary ÝEGENMYRADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir