Rotshildler dünýäniň iň baý maşgalalarynyň biri hasaplanýar.Resmi maglumatlara görä,bu maşgalanyň baýlygy 350 milliard dollardan ybarat.Başga bir maglumatlarda bolsa,olaryň baýlygy 2,5 trilliondandan artyk diýilýär.

Bary-ýogy 50 ýyl içinde ýewreý emigrantlar abraýly lord we baronlara öwrülip,hat-da bütün dünýäni öz ellerine almaklary,başgalary haýrana goýýar.Bu maşgalanyň esasçysy 1744-nji ýylda dogulan Amshel Mayer Rotshild hasaplanýar.

Ol 16 ýaşynda maliýe işleriniň syrlaryny başdan-aýak öwrenip,Oppengeymer bankynda 4 ýyllyk tejribä eýe bolan ýagdaýda,özüniň şahsy dükanyny ýöretmäge başlaýar.Bu dükanda Germaniýa knýazlyklaryndaky pullary bir-birine öwürmek mümkündi.Soňlugy bilen bu dükan Rodshildlaryň birinji bankyna öwrülýär.

Aradan ýyllar geçip,Amshelniň 5 sany ogly kemala gelenden soň,maşgala biznesini dowam etdirmek hem-de giňeltmek maksadynda olary dünýäniň iň uly paýtagtlaryna ugradýar.Bu sebäpli Rotshildler maşgalasy diňe Germaniýa däl belki,Ýewropa hem öz täsirini geçirmäge başlaýarlar.

Rotshildler bankynda dolandyryjylykly wezipäni diňe maşgala agzalary eýeläp bilýärdiler.Ine,şu ýagdaýy bilen olar başga banklardan tapawutlanyp durýardy.Soňlugy bilen olar diňe şahslara däl belki,uly döwletlerede kredit berip başlaýarlar.

Şeýlelikde 1818-nji ýylda Prussiýa Rotshildlerden 5 million funt kredit alan bolsa, olar Londandaky bank filýaly Angilýanyň Milli Bankyna uly mukdarda kredit berýärler.Olaryň Amerika eden kömekleri bolsa sanardan köp.

Bu maşgala ABŞ-da "Rezerv" düzgünini döretmekde öz başarnyklaryny görkezýärlerOl düzgün döredilenden soň,dollar çykarmagyň mukdaryny öz gözegçiligine alýarlar.Aýratyn başarnyklary we hetden aşa ökdelikleri bilen döwletlere öz täsirini görkezip bilýäni üçin,Rotshildler maşgalasynyň wekilleri,häli-häzirem ekspertleri haýran goýýar.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir