Gozel gyzlar,juwan gyzlar,ay gyzlar
Gozellikden alypsynyz pay gyzlar
Size bir goshgyjyk aydyp bermekchi
Belki bolar yureginize jay gyzlar.

Bir yigit soyupdir gozel bir gyzy
Gul yuzli,hosh sozli bir serwinazi
Bir gun gabat gelip shol gozel gyza
Yigit gol gowshuryp chokupdir dyza

Diyipdir: "Men seni yurekden soyyan
Yshkynda ot alyp,ortenip koyyan
Senem mundan artyk gynama meni
Ynan gyz yurekden soyyarin seni"

Ana shonda ol gyz yigide garap
Ulumsylyk bilen kellesin yrap
Diyipdir: "Men seni soyup bilmerin
Asla seni soyyan diyp bilmerin
Menin yaly gyzy aljak yigidin
Menin yanyoldashym boljak yigidin
Gyzyldan goylan dishi bolmaly
Dushewuntli karde ishi bolmaly
Pul yagdyryp duran eli bolmaly
Nache sowjak diyse puly bolmaly
Garajda Toyota hynlap durmaly
Mersedes gapyda henlap durmaly
Chalaja goylan murty bolmaly
Yigitlen birinji sorty bolmaly.
Indem shuny dinle ey yagshy yigit
Menin sana diyjek sozlerim nagt
Sende o zatlardan yok asla derek
Shon uchinem seni kuysanok yurek".

Yigit dinlapdirde gyzyn sozlerin
Onun gozlerine dikip gozlerin
Yurekden syzdyrp diypdir sheyle:
"Seni samsykmykan oytmandim beyle
Hich wagt baylykdan gozleme bagty
Dushunersin muna gelende wagty"

Shol wakadan sonra gechipdir aylar
Toylanypdyr enche shatlykly toylar
Bir gunem bir toy toylananmyshyn
Yigit bashga gyza oylenenmishin

Biri birlerini soyupdir olar
Bagt soygudedir diypdir olar
Olar pak zahmetden gozlapdir bagty
Shatlykly gechipdir olaryn wagty

Bagtly bolmaklyk hakda kop pikir oylap
Yigitlen ichinden sechip hem saylap
Gyzam bir yigide durmusha chykan
Shol yigidin waspy sheylerak eken.

Gyzyldan goylan dishi bar eken
Dushewuntli karde ishi bar eken
Pul yagdyrp duran eli bar eken
Nache sowjak diyse puly bar eken
Emma...
Emma adamchylyk yok eken onda
Arakdyr sherapdan doyup her gunde
Gelip ayalyny urar ekeni
Azar yamanyny berer ekeni.

Aglapdyr ayaly gozlerin yashlap
Ahmyr edenmishin hyrchyny dishlap
Oz eden ishine edipdir pushman
Emma sonky pushman ozune dushman.

Ari bolsa gyzyp baylyga pula
Bir gunem duydansyz dushupdir ele
Kanun onun bar aybyn achypdyr
Sheydip gozenekden anry gechipdir.

Ayaly yzynda aglap galypdyr
Hemem shoool sozleri yada salypdyr
"Hich wagt baylykdan gozleme bagty
Dushunersin muna gelende wagty".

Gozel gyzlar,juwan gyzlar,ay gyzlar
Gozellikde aya - gune tay gyzlar
Bagt baylykda dal
Bagt soygude
Elmydam soyguni hormatlan gyzlar.

Awtor:?

Edebiýat, soho tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir