SORAG:
Adam öz ýazgydyny özi ýazýarmy ýa-da Hudaý tarapyn ýazylýarmy? Biziň günä işlejegimiz öň maňlaýymyza ýazylan bolsa, onda synag üçin bu dünýä iberilmegimiz ýa-da eden günämiz üçin dowzaha iberilmegimiz nä derejede dogry?!

JOGAP:
1. Ilki bilen ýazgyt, maňlaý hakda sizi gyzyklandyrýan islendik zady sorap bilersiňiz. Bu siziň inkär edýändigiňizi, Allatagala ynanmaýanlygyňyzy aňlatmaýar. Aslynda, Gurhandan öwrenenimize görä Hezreti Ybraýym alaýhyssalam ölüleriň nädip direldiljegini sorady, soňra bolsa: "Allahym, ynanmaýanlygym üçin däl, ýüregimiň kanagatlanmagy üçin soraýaryn" diýdi. Şonuň üçin hemmämiz özümizi gyzyklandyrýan soraglarymyzy berip bileris. A biz bolsa mümkin boldugyndan jogap bermäge synanyşarys.

2. Ýazgydyň, ýagny maňlaýyň esasy manysy, bolan we boljak zatlaryň hemmesini Allanyň bilmegidir. Üns bersek, adamyň öz erkini ýok hasaplanok. Bilmek başga zat, etmek başga zat. Bilýän Alladyr, edýän bendedir. Geliň, muňa bir mysal getireliň:

Pygamberimiz ýüzlerçe ýyl mundan ozal Konstantinopylyň basyp alynjagy we onuň serkerdesi baradaky hoş habary aýtdy. Wagty gelende, onuň aýdyşy ýaly hem boldy. Indi Pygamberimiz (saw) aýdany üçin Stambul basyp alyndymy ýa-da basylyp alynjagyny bilýäni üçin aýtdymy? Şol wagt Fatyh Soltan ýatan, işlemedik, goşuny taýýarlamadyk we söweşmedik bolsa hem Stambul eýelenerdimi? Diýmek, Allatagala Fatyhyň taýýarlyk görüp Stambuly basyp aljakdygyny bilýärdi we muny Resuly pygamberimize (saw) habar berdi.

Bu ýerde bilmeli iň esasy zadymyz: Allaň bilýäni üçin etmeýäris, biziň etjegimizi Alla bilýär. Şonsuzam Allatagala geljegi bilmeýär diýip pikir edip bolmaz. Eger bilmeýän bolsady, onda Ýaradan  bolmazdy.

Mysal üçin, bir mugallym bar diýip pikir edeliň. Okuwçylarynyň birine: "Ertir senden şu temany sorajak, taýynlanyp gel" diýýär. Şeýle-de bolsa, mugallym onuň telewizor, futbol, oýun oýnamak ýaly güýmenjelerden soň ertesi gün mekdebe sapagyna taýýarlanman geljekdigini bilip, agşam okuwçyň iş depderine 2 goýýar. Ertesi gün okuwçy berlen soraglara jogap berip bilmeýär we ikilige mynasypdygyny bilenden soň, mugallym depderi açyp: "Seniň sapaga taýýarlanman gelip ikilik aljagyňy bilenim üçin depderiňe öňünden 2 goýdum" diýýär. Muňa jogap edip okuwçy: “Mugallym siz 2 goýanyňyz üçin men ikilik aldym. Ýogsam, 5 goýan bolsaňyz bäşlik alardym" diýip bilermi?

Diýmek, biz Allaň ýazany üçin edemizok, biziň etjek işlerimizi bilip Alla ýazýar. "Ýazgyt" diýýän zadymyz ynha şu.

3. Ýazgyt ikä bölünýär: şertli ýazgyt, meýletin ýazgyt.

Şertli ýazgydymyzda biziň hiç hili täsirimiz ýok. Bu biziň erkimize, islegimize bagly bolman ýazyldy. Dünýä geljek ýerimiz, ejemiz, kakamyz, görnüşimiz, sypatymyz şertli ýazgydymyzyň netijesidir. Bulary özümiz saýlap bilmeýäris. Bu ýazylan ýazgydymyz üçinem jogapkärçilik çekmeýäris.

Meýletin ýazgytda bolsa, bu biziň öz islegimize bagly. Näme karar berjekdigimizi we näme etjekdigimizi Alla baky bilimi bilen öňünden bilýär we şoňa görä kesgitleýär.

Ýüregimiz urýar, ganymyz aýlanýar, öýjüklerimiz ulalýar, köpelýär, ölýär. Bedenimizde biziň bilmeýän birnäçe zatlarymyz bolup geçýär. Bularyň hiç haýsyny biz edemizok. Şeýle işler ýatan wagtymyzda hem dowam edýär.

Ýöne, öz islegimiz bilen ýerine ýetirýän zatlarymyzyň bardygynam gowy bilýäris. Iýmek, içmek, gürleşmek, ýöremek ýaly hereketlere özümiz karar berýäris. Her niçigem bolsa erkimiz, az bolsa-da bilimimiz, ejiz bolsa-da güýjümiz bar.

Çatrykda haýsy ýoldan gitmelidigimizi özümiz çözýäris. Durmuş bolsa çatryklardan doly.

Şu ýagdaýda hiç hili zorluk görmezden, öz islegimiz bilen eden kanundan daşgary hereketlerimiz, günälerimiz üçin özümizden başga kimi günäkärläp bileris?

Kän bir täsiri ýok diýilýän adamyň erki, islegi ähmiýetsiz görünse-de, älemde bar bolan kanunlary ulanmak bilen uly zatlaryň bolmagyna sebäp bolýar.

Bir binanyň ýokarky gatynyň iň gowy naz-nygmatlardan, ýerzemindäki aşaky gatynyň bolsa ejir çekdirýän elhenç gynama enjamlaryndan doly we bir adamyň bolsa bu binanyň liftinde durandygyny pikir edeliň. Binanyň ýagdaýy barada öňden bu adama aýdylan, ýokarky gat üçin düwmäni bassa merhemet, bereket garaşýar, emma aşaky gat üçin düwmäni bassa welin azap garaşýar.

Bu ýerde erk, islegiň edýän ýekeje zady, diňeje haýsy düwmä basmalydygyna karar bermek we ýoluňy saýlamakdyr. Lift bolsa şol adamyň güýji we islegi bilen däl-de, käbir fiziki we mehaniki kanunlar arkaly hereket edýär. Başgaça aýdylanda, adam öz güýji bilen ýokarky gata çykmaýar, ýa-da öz güýji bilen aşaklygyna düşmeýär. Şeýle-de bolsa, liftiň nirä gitjekdigini kesgitlemek içindäki adamyň öz islegine bagly bolýar.

Adamyň öz islegi bilen edýän ähli işlerine şu mysal arkaly baha berip bolar. Mysal üçin, Gudraty güýçli Allatagala meýhana gitmegiň haramdygyny we metjide gitmegiň sogapdygyny habar berdi. Adam bedeni bolsa mysaldaky lift ýaly iki ýere gitmek üçin hem amatly ýagdaýda.

Älemdäki bolýan zatlarda bolşy ýaly, bedenimiziň içindäki bolýan zatlarda hem adamyň öz erki ýokdur we adam bedeni kanun-y külli atly ylahy kanunlar bilen hereket edýär. Ýöne onuň nirä gitjekdigini kesgitlemek adamyň islegine we saýlamagyna galýar. O haýsy düwmä bassa, ýagny nirä gitmek islese, beden şol ýere tarap hereket edýär, şonuň üçin gitjek ýeriniň sylagy ýa-da jezasy şol adama degişlidir.

Üns berlen bolsa, ýazgydy bahana hökmünde ulanyp, "meniň günäm näme" diýýän adamyň erkine äsgermezlik edýändigi görünýär.

Eger adam şemalyň ugruna gidip barýan ýaprak bolsa, saýlamak ukyby ýok bolsa, eden işi üçin jogapkärçilik çekmese, günäkärligiň näme manysy bar? Muny aýdýan adam özüne zulum edilende kazyýete ýüz tutmaýarmy?

Şeýle bolsa, düşünişine görä şu hili pikirlenerdi: “Bu adam meniň öýümi ýakdy, abraýymy kemsitdi, çagamy öldürdi, ýöne ol günäsizdir. Bu zatlary etmek onuň ýazgydynda bardy, näme etsin, başga zat edip bilmezdi".

Zulum edilenler hakykatdanam şeýle pikir edýärmi?

Adam eden işine jogapkär bolmasa, "gowy" we "erbet" sözleri manysyz bolardy. Gahrymanlary öwmek we dönükleri kemsitmek zerurlygy bolmazdy. Sebäbi olaryň ikisi-de edenlerini öz islegi bilen etmedik bolarlardy. Emma hiç kim beýle pikirleri öňe sürmez. Wyždanly her bir adam öz hereketleri üçin jogapkärdigini we şemalyň ugrundaky ýaprak ýaly däldigini kabul eder.

Sorag-jogap, Mister X tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir