Bagş etsemde saňa juwan döwrümi
Maňa tarap dönmedi ýol öwrümi
Özge ýara berip sen öz göwnüňi
Saňa bolan çyn söýgümi ýitirdiň.

Köňül içre muhabbetim puç boldy
Dönme yza dönaýseňem giç boldy
Eden sylag hormatlarym hiç boldy
Saňa bolan hormatymy ýitirdiň.

Men bolup galsamda sensiz bir geňli
Bolarsyň bir güni sen maňa deňli
Ozal saňa garasamda mähremli
Saňa bolan mährimi hem ýitirdiň

Ýokdur indi saňa ünsüm öňkije
Arzuwdyr hyýalym gidendir uça
Diýjek sözüm budur saňa soňkyja
Saňa bolan arzuwlarymy ýitirdiň.

Senli günler bolup galdy, gury san
Gelmez indi o günlerimiz çekme jan
Hol öňkije duýgulamdan ýok nyşan
Saňa bolan duýgularymy ýitirdiň.

Peýdasy ýok puşman etme ökünme
Birini däl on bäşi söý çekinme
Bir haýysdym gelme indi ýakynma
Gynanýan söýgülim menäm ýitirdiň.

Amangözel Gurbanowa

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir