Käbir maşgalalarda çaga terbiýesine üns bermeýärler. Ata- eneleriň arasynda: «Çaga terbiýelemäge wagtymyz ýok. Uzyn gün işde bolýarys. Goý, bu mesele bilen terbiýeçiler, mugallymlar gyzyklansyn. Olar ýörite aýlyk alýarlar» diýip, bar günäni öz üstlerinden sowmak isleýärler. Çagalary terbiýelemekde mekdebiň, ata-enäniň, jemgyýetçiligiň bilelikdäki tagallasy gerek. Çaganyň ykbaly hakynda gürrüň edilende, ol mekdebiň ýa-da ata-enäniň borjy diýmek nädogrudyr.

Öňler ata-eneleri işe gidende uly ýaşly çagalar özlerinden kiçileri terbiýeläpdirler. Ol özüniň oňat netijesini beripdir.

Häzirki wagtda hem maşgalada bu asylly däbi dowam etdirsek, kem bolmaz. Obanyň abraýly adamlarynyň biri şeýle gürrüň berdi:

― Özümem, aýalymam günuzyn işde bolýarys. Çagalaryň ulusynyň jigilerine edýän täsiri güýçli bolýar. Kiçiler olardan oňat görelde alýarlar, ululara uýýarlar. Ulujamyz gyz. Oňa köp zatlary öwretdik. Kiçilerimizi şoňa ynanýarys. Dogrusy, onuň jigilerini terbiýeleýşini görüp, özümizem haýran galýarys. Jigileriniň azaryny bize ýetirenok. Ol özüni edil uly adam ýaly alyp barýar. Hudaýa şükür, çagalarymyz öz-özlerini terbiýeleýär. Biz diňe gözegçilik edýäris. Işden aryp gelenimizde, çagalarymyz şadyýan ýagdaýda öňümizden çykýarlar. Şol wagt uzyn günki ýadawlygymyz zym-zyýat bolýar.

Gadyrly, ata-eneler! Siz öz ýanyňyzda ýardamçy terbiýeçiniň bardygyny unutmaň! Öýüňizde çagalaryň öz-özlerini terbiýelemegini ýola goýuň! Şonda işiňiz belli bir derejede ýeňilleşer. Çaga bolsa ýaşlygyndan bu asylly işe uýgunlaşar, kämilleşer, geljekde güýçli terbiýeçi bolup ýetişer.



YNSANPERWERLIK

Çaganyň kalbynda ýaşlykdan eserdeňligi, synçylygy, duýgurlygy, durmuşa, ata-enesine, töweregindäkilere, tebigata, janly-jandarlara söýgini, rehim-şepagatlylygy, duýgudaşlygy, hoşniýetliligi, ýagşylyk etmegi, has takygy ynsanperwerligi oýarmak körpäni haýynlykdan, tekepbirlikden, ikiýüzlülikden, ýaramaz hereketlere baş goşmakdan saklamakdyr. Eger onda perwaýsyzlyk rehimsizlik dörese, çagada ýürek körlügi, ruhy boşlugy emele geler, gödek, geleňsiz doňýürek häsiýetler ýüze çykar. Ol töweregindäkilere, her bir zada parhsyz, rehimsiz garar.

Çaga çigitlän çigidiniň gabygyny, iýen doňdurmasynyň kagyzyny, içen süýji suwunyň çüýşesini çem gelen ýere zyňar, okuw esbaplaryny, çalşyran geýmini, çykaran aýakgabyny başly-baratsyz taşlar.

Her bir ata-ene, terbiýeçi, mugallym çaga eserdeňligiň, düşbüligiň, hoşniýetliligiň, ynsandyr haýwanyň ykbalyna biparh garamazlygyň, söýginiň, ýagşylygyň adamy bagtly pursatlara eltýändigini wyždanyna barýan ýodajygy arassalaýandygyny düşündirmelidir.

Şeýle tymsaly ýatlalyň. Gadym wagtda bir patyşa köşge barýan ýolda ullakan daş goýupdyr. Özi bolsa penjiräniň öňüne geçip, indiki boljak wakalary synlamaga oturypdyr. Ertirden öýläne çenli şol köçeden ikiýana eýläk-beýläk geçýän ýurduň baý täjirleri, uly wezipeli adamlary şol daşyň daşyndan aýlanyp, köşge girýärdiler. Olaryň aglabasy: «Halkyndan şonça salgyt alsa-da, ýollara seretmeýär» diýip patyşany gaty ses bilen ýazgarýardylar. Ahyry köşge miwe we gök önüm getirýän bir obaly geldi. Ol arkasyndaky sebedini ýerde goýup, daşy ýoldan itekläp aýyrmaga durdy. Görgüsini gören obaly daşy zordan ýoldan aýyrdy. Ol sebedini alyp gidiberjek bolanda, daşyň aşagynda bir haltajygyň ýatanyny gördi. Haltajygyň içi altyndan doludy. Şeýle hem patyşanyň bir hatjagazy bardy. Patyşa hatynda: «Bu altynlar daşy ýoldan aýranyňkydyr» diýip ýazypdyr.

Çagalaryň aňynda ýokarky ýaly ajaýyp ynsanperwer häsiýetleri, endikleri kemala getirmäge çalşalyň!

Çeşme: Kulyýew Ö., Çaga eziz, edebi ondan hem eziz.

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir