,,Şu döwürde puluñ bolsa dert ýok...",
Derdi kändir emir gelse Alladan,
Iñ bärkisi ynananlañ aldasa,
Haýry barmy, üýşip ýatan tyllañdan.

,,Şu döwürde puluñ bolsa şert köp",
Elbetde köp şerti ýalan dünýäniñ,
O dünýäni oýla köpräk sogap et,
Agaja ata müner Mersi münýänem.

,,Şu döwürde puluñ bolsa dert ýok..."
Diýen sözler ýañlanyp dur gulakda,
Eşret, many puldur öýdip gezýänler,
Bagyşlañ siz hakykatdan uzakda...

Awtory: Baýram Bejidow

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir