Janym, ýene men! Bu gün has hem saňa ymtylýan. Men gorkamok utanamok indi gygyrmaga seni söýýän diýmäge, çünki ýürek seni isleýär! Barha çaltlanýa seniň keşbiň göremde, göremde ýolda yzda… Seni tapmak üçin gözleýän hemme ýeri, ýöne lapykeç galýan, sen tapylmaýaň edil adalarda gizlenen hum deýin. Güýjimiň gaçmagyňy isleseň ýalňyşýaň, men hasam beter aşyk bolýan gülüm. Asmana seretdýän, ýüregim, seni görýän, ol giden märekäniň içinde seni agtarýan, seniň ýanyňda bolasym gelýär, öňki mähriňi syzasym gelýär, eger sen ýok bolsaň menem ýok dünýäde… ýalandan ýaşaýan ýaly bu pany dünýäde, nirde, nirde sen janym, gün yşgynyň ýere gyzgynlygyn siňdirip başlanyndan tä batýança gözläp geçýän seni. Begen sen meni ýeňdiň, ýüregim sen ýeňdin. Men seni tapyp bilemok, emma ýürek hasam beter agyrýar, çünki saňa gidesi gelýär. Arzuwlar bolar hasyl eger ýürek bilen isleseň diýýärler. Meniň soýgim ýaly söýgi…Ynanmak kyn. Indi diňe birje islegime rugsat ber. Seni soýmäge…Bilýäňmi öýke kinesiz seni söýesim gelýär, bagtyňy göresim gelýär, içim lowurdap ýansa-da seniň meňki bolmaýanlygyňy duýsamda. Ömrümiň beýle geçirmegiň samsyklygyny bilsem-de, bu ajap dünýä-de meniň oňümde diňe ikimiz şekillenýär gözýetimimde… Suwsyz garagu çölde hem suw ýerine seniň adyňy tutup biljegime, giden umman içinde gark bolýarkam, howanyň ýerine seni islejegime, soňky demimde hem seni islejegime indi arkaýyn aýdyp bilerin. Çünki Seni Öz Ýüregimde Galdyrmak Isleýärin güljagazym… P.S.Seni baky söýmegi gadagan etme maňä

Köneler, imperator tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir