Bir gün bir ýurduň patyşasy gije tümlikde ýörişden gaýdyp gelýän eken, soňra weziri patyşa sorag berýär:
- Patyşam atymyň aýagyna bir tokga zat degýä welin bu näme-kä? - diýip, sorapdyr. Patyşa hem:
- Bu zady alan hem gynanar, almadygam - diýip, jogap beripdir. Onda weziri "Alamsoň gynanjak bolsam, goý alman gynanaýyn" diýip, atdan hem düşmän durupdyr. Serkerdeler we nökerlerden alan hem bolupdyr almadygam. Soňra ýagta çykyp alan zatlarynyň Altyndygyny bilip hemmesi gynanypdyr. Alanlar köpüräk alaýmaly ekenim diýip ahmyr çekipdir, almadyklar bolsa, wah, menem almaly ekenim diýip gynanypdyr...


Awtory: Bägül Baýramowa

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir