Edepli ekramly uýat-haýaly,
Ak ýüzlije edil kepderi ýaly,
Waspyny näçe etseñ az ýaly,
Daşoguzyň gyzlaryna döneýin.

Her seredende,näzlenip sereder,
Ýöreýşine garap tüýs göwnuň gider,
Şeýle gyzlary şahyrlar wasp eder,
Daşoguzyň gyzlaryna döneýin.

Gyzlary bar bir-birinden owadan,
Ýigitleriň ýürejigini ereden,
Allanyň ýeketäk edip ýaradan,
Öz ilimiň gyzlaryna döneýin.

Edebiýat, Crazy boy tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir