2-nji bölüm!
Aýlar geçdi ýyllar geçdi James hem ulaldy 17 ýaşyna ýetdi. Ol surat cekyardi. Gorsen hayran galdyrýa. Ýöne suratkeş bolmagy arzuw edenokdy.
Men hem öýlendim 2ýaşly gyzym bar. James meniñ doglan gunimde maña öz eli bilen çeken men bilen aýalymyñ suratyny sowgat etdi. Ol surat janly ýaly görunyadi. Ozine çekiji guyji bardy suratlarynda.
Jamesiñ oziniñ doslary bardy. Men onuñ doslaryny halamokdym. Jamesi idamokdym. Sebabi ol indi ozini başaryp bilyadi. Meniñem aladam ýeterlik.Günlerde bir gün men gije maşgalam bilen gezelenje cykdym. Elimde gyzym ýanymda aýalym men öran bagtlydym. Köçeden geçip baryadyk gülüşip yolda 4-5 sany adam 2sany 16-17 yasly cagalary uryardylar. Karzyñyzy haçan berýaniz diylen sesler eşidilýardi.Ol çagalary ölesige urup taşlap gitdiler. Bizem hic zat edip bilman öye geldik. Ertir James menden pul karzyna sorady. Menem bolia diyip berdim. Yene 2-3 gunden pul sorady. Bolya diyip yene berdim. Bu yagday birnace wagt dowam etdi.Ýene bir gun geldi ýene pul sorady,berdim. Son ol şunça puly name edyarke diyip yzyna düşdüm. Yzarlap bardym. James meni bilenok yzarlaýanymy. Bir sany adam geldi Jamesin ýanyna we oña bir zat berdi pulu aldy gitdi. James adamlaryn barmayan yerine yagny harabalyk yere gitdi. Menem yzarlap bardym. James ýanky adamdan alan zadyny jübisinden çykaryp bir zatlar etdi we yerde ýatdy. Aslynda James hem şol çagalary urup neşe maddalaryny satýanlaryñ toruna düşüpdur. Men öýe geldim. Öýiñ işlerini edyadim. Bir salymdan soñ James geldi. James bilen oturup çay içdik. Biraz söhbetdeşlik etdik:
Men : James sen indi öz-özini dolandyryp bilýañ. Sen ozine ayratyn öý tut we öz durmuşuny 0-dan başla.
James: Düşunmedim!? Siz meni kowýanyzmy?
Men: Yok, kowmayan . Meniñ indi öz maşgalam bar. Senem meniñ ýaly öz-özini dolandyr öýlen maşgala gur. Sen mana artykmaç ýük bolýañ!
James: Bolya, artykmaç bolsam gitjek ertir irden!.
Men: Meniñ sözlerimi göwnuñe alma. Meni hem düşün bolyamy!
James: Bolýa bolýa.
Dañ atdy. Irden tursam James zatlaryny alyp gidipdir. Men onuñ gidenine gynanamok. Sebabi şu gidişde gitse mana uly zyýan yetirip bilyadi. Men Jamesin otagyna girenimde stolyn ustunde mana hat ýazyp gidipdir. Hatda:
Gadyrly Harry agam,janyñyz sag bolsyn. Mana eden ýagsylyklarynyzy butin omrime utmaryn. Maşgalañyz bilen bagtly ýaşañ. Meniñ çeken suratlarymy göreniñizde meni ýatlap duruñ. Sagbolyñ agamjan köp köp.
Diyip hat yazypdyr.
Jamesin gidenine 2hepde boldy. Gyzym gürlap başlady. Ilki diyen sozi " eje" son "pişik". Öyde pişik bardy şol bilen kän wagt geciryadi. Ertir irden gyzym bilen oýnap otyrkam gyzym mana garaja,mahirli gozleri bilen seredip "kaka" diydi. Men ony gujaklap ogşamana başladym. Şo wagt dünýade menden bagtly adam yokty.
Işden ýadap gelyan. Gapyny açyp girenimden gyzym ylgap gelip meni gujaklayardy,ogşaýardy. Şo wagt endamymdaky bar ýadawlyk çykýardy. Gyzym bilen wagt gecirip James hem ýatdan çykyp gitdi. Indi meniñ bar aladam maşgalamdy.

Edebiýat, Paris tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir