1-nji bölüm
Meniñ adym Harry 28 yaşymda. Ejem bilen kakamyñ ýanyndan aýrylanyma 6 ýyl 3aý bolupdyr. Hazir olaryn yanynda kiçi jigim Walker bar ol 22 ýaşynda. Gurluşykda işleýardi hazir bolsa bilemok. Maşgalam hakda kän pikirlenmeyan we olardam hawar almayan. Ýalñyşmasam soñky gezek 4 ýyl mundan ozal poçta arkaly hal ahwal sorapdym. Men hazir şaherde ýaşaýan. Ne Aýalym bar ne-de çagam. Ilkinji gezek şahere gelenimde men şaheri görüp gözlerimi nace uly açsamda şaher gözume syganokdy. Şonda men bir çaýhana bardym. Ol ýerde bir salym oturyp yol demimi aldym. Soñ bir sany myhmanhana bardym. Şol yerde 1sany otag tutdym. 1 yarym aý şol yerde ýaşadym. Ol şahere men öwrenişdim. Iş tapdym. Tapan pulum ozime yetyardi we biraz artyardy.Gelen ýükleri wagondan düşürup sklada daşamalydy.Iş günortan başlayardy sagat 15:00-da we 23:00 çenli işleyardim. Iş yerimiz belli daldi. Bir yere toplanyardyk, onson alyp gidyardiler nirde iş bolsa. Men ol şaherde ozime 1zady endik etdim. Ýaşaýan ýerimin yanynda çaýhana bardy. Men çayhana gunde baryadym kitap okamak ucin. Ozime şert etdim gûnde 1sagat kitap okajak diyip. Edebi eserleri kop okayardym.
Günlerde bir gün çayhanada kitap okap otyrkam bir sany çaga çayhanañ öñüne gelip mana seredip durdy. Ol 10-12 ýaşly caga (oglan) menzeyardi. Ay Menem ertirlik edinjek bolup çala bişirilen et we ýanynda çörek alyp onumde goydym. Eserin gyzykly yerini okaýyn son iyjek diyip durkam ýanky çaga et bilen çöregi ogurlap gitdi. Menem olary puluma alyana ahyryn. Ol çagany kowalap gitdim we kici köçanin ahyrynda tutdum. Şol wagt gaharym gelip gaty ses bilen "name ogurladyn" diyip gygyrdym. Eti we çöregi almadym ýanky çaga aglayardy. Şol wagt "Ejize ganym bolmaly dal" diyen soz yadyma dusup ony urmadym. Ol çagany çayhana getirdim. Soñ ona nahar iýdirdim. Son yanky oglandan soradym:
Men :Sen name ucin ogurlyk etdin?
Çaga : men men açdym
Men : Senin maşgalan nirde!? Olar sana seredenokmy!?
Çaga : yok olar aradan çykdylaarr (aglap aydypdyr)
Men : Name boldy olara?
Çaga : bir gun oyumuzde ýangyn çykdy, gije sagat 2lerde hemmamiz ýatyrdyk, men tusseden ýaña howa yetman ozimden gidipdirin. Gözumi açsam öýumizden galan zat dine diwarlar. Men daş towerekdaki adamlardan ejem bilen kakamy sorap başladym şol wagty biri :olaryn üstüne öýüñ diwarlary ýykyldy biz olara kömek edip bilmedik" diydi men şonda uly ses bilen " Ejeeeeee" ." Kakaaaaaaa" diyip gygyrdym. Aglamakdan demim içime düşdi,sesim kesildi,gözlerim gyzardy. 2-3 gün iymane zat tapman kän kösendim. Açlygymdan ölmejek bolup ogyrlyk etmane başladym.
Men : seniñ hiçkimiñ ýokmy!?
Çaga : ýok, bolsalar şeýdip yörmezdim!
Men: Gel sen men bilen ýaşa. Men sana okamany owretýan. Iş tapyp beryan!!
Çaga: bolya bolya name diyseniz etjek!!
Men: ýöre gitdik öye!
Ýolda barýarkam bir zat ýadyma düşdi oglanyñ adyny soramandyryn. Son soradym:
Men: seniñ adyn name!?
Çaga: adym James! Sizin adynyz name!?
Men:Adym Harry! Tanşanyma öran şat!!
James: Menem!!
Şeýdip öýe geldik. Oña öyi gorkezdim we 1sany otagy şoña berdim. Ol gaty begendi. Men egin eşik dukanyna bardym we oña laýyk egin eşik aldym. Getirip berdim. Ol begenjinden asmanlarda ucyardy. Ertiri oña iş tapyp berdim. Gazet-žurnal satyjy bolup işlap başlady. Gün batdy. Iş wagty gutardy. James öýe geldi. Men ondan 1nji iş gunin nahili boldy diyip soradym.
James: gaty gowy boldy!!
Men: Naçe gazet satdyn?
James: 63sany satdym. Başlyk berekella diydi.
Men: Berekella. Işiñi gouja ýerine ýetir sebabi sen pulunu alýan ýadyndan çykarma!
James: bolya Harry agam
Şeydip gouja gürruñleşip çaý içdik.
Onuñ ukusy geldi we oz otagyna gecdi. Men otyrdym iş hakda pikirlenip. Birazdan James aglap başlady. Menem name boldyka diyip ylgap otagyna girdim. Jamesden name boldy diyip sorasam: Ejem bilen kakamy goresim gelyaa" - diydi. Men name etjegimi bilman yanyna gecip onyñ yanynda ýatyp
oña gyzykly hekaya aydyp berdim.Ol onu diñlap uklap galdy. Üşümesin diyip üstini gowuja ýapyp onuñ otagyndan çykdym.Menem çyrany öçurup oz ýerime gecip ýatdym.

Edebiýat, Paris tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir