…Ol meniň içimde ýaşayar häzirem, emma sen bir pursat gideňde boşap galýar…Diýmek sen ony bütinleý gaplap alypsyň, derimiň her öýjügine çenli her dokumasyna çenli, sen diýip gije-gündiz ýaşaýan. Bu nähili men hiç çykalga tapyp bilemok, edil bu boşluk meniň jennetden kowulmagym ýaly…söýgi bu kalbda aglaýar, seniň ajy sözleriň edil igne deý ýüregime ajy salýar. Emma näçe näletlese-de ýüregi hiç diňleme diýýänleriň söýgini çyndan syzandyklaryna ynamym gacýar, çünki bu bolup biljek zat däl… Söýgi hem ömür deý bir gezek duýmak miýesser edýär… Ondan soňrakylary diňe ilkinjini unutmak üçin, ýa-da durmuşa dowam etmek üçin yzyna dolanýar. Ýürekden çykýan agyryny syzdyrmaga synanşýan, ýöne diňdirip bolmaýar…Bilemok nätjegimi, dowam etmeli emma nädip, mende ikinji kalp yok ahyry, men ýüregimi kesip çykaryp bilmerin ahyry… Emma sensiz hem gülüm meniň dünýäm şeýle boş bolup görünýär, ýadyňa düşýärmi, biz asmanlara seredip geljegi arzuw ederdik bile… Bir söýmeýän adamy nähili kyn eken düşünmek, ýüregiň alawlap durka söýgiden…Seniň bakyşyň, seniň gülüşiňi küýseýän, ol süýji lebiň unudyp bolmaz hijem.. Janym meniň indi mejalym galmady, dön yzyňa… P.S.Ýekejäm seni şeýle küýsändigimi bilsediň, ynan men seniň bagtlydygyňa begenýan, sen bagtly bolsaň men bagtly, hat-da maňa kyn bolsa-da mensiz…

Köneler, imperator tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir