okuwa gidip barýan. awtobusyň aýnasyndan daşary seredip. köçeden geçýän maşynlary, adamlary synlap. herkim öz hysyrdysy bilen. işe gidip barýany haýsy, okuwa ugrany haýsy. ähli adamlar näme üçin ýaşaýalar dünýäde? men näme üçin ýaşaýan? dünýä gelipdirs ynsan bolup. näme üçin? näme üçin biz ot, haýwan, agaç ýa başga bir zat bolup ýaradylmandyrs? kellämi şeýle pikirler basdy. bularyň ählisiniň sebäbi bardy. men ölümi özüme şeýle ýakyn duýýadym 2 hepdeden bäri. dünýädäki ähli zatlardan gaçasym gelýädi. meň derdimi düşünjek menden başga hiç kim ýokdy töweregimde. uniwersitede bardym. jaň wagtynda daşaryk seretdim. gün çoýup dur dünýäni, hemme zat gülala güllükdi. oglanlar basketbol oýnaýady, parkda oglanlar-gyzlaryň degişip gülişýän sesleri eşidilýädi. ýöne ýene-de ölüm düşünjesi meň ýakamy göýberenokdy. şu görýän adamlarymyň hemmesi 60-70 ýyl soň ýeriň aşagynda çüýrän jeset boljak. belkem süňklerem gurap galar. onda biz näme üçin geldik bu dünýä? şeýdip okuw okap, işläp, pul gazanmak üçinmi? onsuzam gabra gidenimizde kependen başga zat äkidip bilemzoga ýanymyz bilen. biri aýtmyşlaýyn ýalaňaç dogduk ýalaňaçam ölýäsa biz. ölmek we ölüm nähili zatka? belkem durmuşymyzda pikir etmekden iň gaça durýan pikirimiz şoldyr. näme üçin gaçýas durmuşymyzyň iň gaçylmaz hakykatyndan. hemmämiz ölmelä biziň. gabyr diýilýän şol dörtburç gutydan kim gutulypdyr. adam diýip dünýä geleniň soňy şola. maksadymyz näme şu durmuşda? meň durmuşymyň manysy näme? ene-atammy? watanymmy? ýa özümmi? ýok men ölmek islämmok. entek men ýaş oglan. ýaşasym gelýä. men durmuşymyň baharynda şu wagt. etmeli işlem kän. men ene-atamy munça çeken azaby üçin razy etmelä, men entek halkym üçin etjek zatlam bardy ahyry. ýöne näçe gynansakda ezraýyl gelende soranokda bulary. janyňy alýa gidýä. ol ýaş garra seredenok. onda mundan çykyş ýol näme? bu zatlary ýatdan çykaryp her wagtky durmuşyma dowam etmekmi? ýalançy ahyry bu dünýä. henizem agyrýa. her agyryşynda maňa ölümi ýatladýa. tanyşlar, dostlar hiç kim bilmeýä muny.sebäbi men daşymdan seretseň şeýle şadyýan. hamala dünýäniň iň bagtly adamsy.ýöne ölüm diýlýän hakykat şeýle aýdyň. hatda şu töweregimdäkileň hemmesi oýunjäk, ýalançy ýaly görünýä maňa. düşünýäňizmi nämedigine? kiçi ýaşly çagajygyň elinden oýnap oturan oýunjagyny alsaň aglar. sebäbi ony söýýä. ýöne ana kakaň geldi, daýyň geldi diýseň ylgaşlap gider hemme oýunjaklaryny taşlap. aslynda bizem şol oýunjagy oýnaýas. şu ýaşaýan durmuşymyz şo çagajygyň elindäki gurjakdan tapawudy ýok. biz şeýle baglanypdyrs bu ýalança. elimizden alynsa hemme zadyň soňy geljek ýaly. durmuş nämekä? siziň pikiriňiz barmy bu babatda? oýlanyp gördüňizmi? biz bize berlenleri iň gowy şekilde ulanyp bilýäsmi? öläýsek eger... ahyrymyz neneň boljak? pikir etdiňizmi?

Köneler, tmheart tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir