Ömür Oýlanma Ömür agajymdan düşdi bir ýaprak, ýerde-de üýşip dur bir gysym ýaprak, Sanamda sany hem çykdy köpüräk, Agaja garadym, görüp bilmedim Dostlarym gynandy düşen ýapraga, Birgün menem girip gara topraga, Sesimi meňzedip köne deprege, Bir owaz etjekdim, edip bilmedim Adam bu dünýäde göýä ýolagçy, Saralan ýapraklar misli sanagçı, Sonky ýaprak gaçsa,geler gölegçi, ýapraklaň sanyny görüp bilmedim ýapraklaň sanyny görmek isledim, Saralanlaň sanyn bilmek isledim, İň bolmanda sesli gülmek isledim, Bogazymda galdy, gülüp bilmedim Adamlara mydam boldum mylaýym, Dowzah ataşyndan gora ylaýym, İmanymdy meniň günüm hem aýym, Allam (j.j.) saňa sadyk, bolup bilmedim Mydam saňa sadyk bolaýyn diýdim, Seň ýoluňa başym goýaýyn diýdim, İň bolmanda şol maksady eýerip, ýat illere gidip öleýin diýdim Köp badaklar atdy nebsim hem maňa, Menem ýeňilipler elmydam oňa, Şonda-da süýrenip seniň gapyňa, Gelem diýdim, emma gelip bilmedim Hudaýym geçewer; meniň günälem, Seň nuruň bolmasa tümlük bu älem, Rahmet bosagaňa goýup bu kelläm, Toba edem diýdim, edip bilmedim

Köneler, dereksiz tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir