Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow 1938-nji ýylyň 10-njy fewralynda Ruhabat etrabynyň Herrikgala obasynda eneden bolýar. 1956-njy ýylda obadaky orta mekdebi tamamlap, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynda işleýär. 1958-nji ýylda Juma Ýazmyradow Moskwanyň A.W.Žunaçirskiý adyndaky döwlet teatral institutyna okuwa girýär. Instituty tamamlap gelenden soň Türkmenistanyň döwlet teleradio ýaýlymynda işleýär. Juma Ýazmyrat işläp başlansoň tiz wagtda özüniň ýiti zehinini gaýgyrman yhlas bilen alyp baran gepleşikleri halkyň söýgüsine mynasyp boldy, olardan teleýaýlymynda "Ýarty gulak", "Satira we ýumor" radioýaýlymlarynda edebi drama gepleşiklerinde okan poemalary uly üstünlik getirdi. Juma Ýazmyradowyň bitirýän hyzmatlary üçin Türkmenistanyň halk artisti diýen belent at berildi. (ýokardaky suratda: aýaly Ogulbagt Çaryýewa bilen Juma Ýazmyradow) başga goşgulary: http://turkmencafe.com/artist-348-juma-yazmyradow.html

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir