Söyüp ulaldym men ene topragy, Men şondan öwrendim mahribanlygy. Söyüp ulaldym men ata watany, Men şondan öwrendim gahrymanlygy. Guşlardan öwrendim ejizlik name? Yolbarsdan öwrendim batyrgaylygy. Garşylyk isleman bol nurun dökyan, Güneşden öwrendim hatamtaylygy. Söygi name şuglaly ay sözledi: Özün hakykada pida etmekdir. Gayybana söyüp bir perizady, Şon ugrunda jebri-jepa çekmekdir. Enemden-atamdan galyp uzakda, Olan gymmatyny dirikam duydum. Öz söwer yarymdan galyp uzakda, Önkidenem has kan,köpürak söydüm. Watanyn manysyn başga bir yurtda, Şyltak atan gazetlerden öwrendim. Diyarymyn durmuşynyn eşretin, Uzak yurtda ezyetlerden öwrendim. Öwrenmeli diysen zat kan ekeni, Dine halallaryny öwrenaymeli. Okap,bilim alyp in sonunda-da, Öz dogduk iline köwlenaymeli.

Köneler, Lider tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir