Ol beýik wolganyñ sag kenaryndan alymlar tapdylar kaska, ýaragy. Gapdalynda shindi ýere siñmedik ýatyrdy soldatyñ urýan ýüregi. Emaý bilen gazyp alyp gudraty, üýshdüler dashyna hersi bir ýerden. Bu eziz howadan dem alan ýürek adam sesi bilen gürledi birden: "bu jepaly ýer astynda ýürek gaty kän. Buýruk ýerine ýetirildi, ýoldash kapitan". Salam hormatly agzalar. Gurbannazar ezizowyñ "soldat ýüregi" goshgysyny okap bir gynandyryjy waka ýadyma düshdi. Meniñ goñshymyñ ogly meýletin gullaga gitýär. Ejesiniñ "oglum! ýene birje ýyl galaý" diýen sözlerinem diñlemeýär. Prisýagasy bolmanka ol oglan öz janyna kast etýär. Näme sebäpdendigäm näbelli bolup galýar. Men muny ýazmak bilen ruhuñyzy düshürjek bolmadym. Bu goshgy meni watan öñünde gulluk borçlaryny ýerine ýetirip ýören doganlarymyzy, dostlarymyzy ýadyma saldy.

Köneler, Bayram-Jm tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir