Ukusyz geçirsem tümli gijäni,
Ukudan däl, sensiz galsam aglaryn.
Şatlykdan doldursam durmuş bijäni,
Şatlykly gün sensiz bolsam,aglaryn.

Bahar gelse, görki arka atlanyp,
Dostlar gelse,gülki bile şatlanyp,
Aýdym aýtsam, söýgi bile gaplanyp,
Aýdymlary sensiz aýtsam,aglaryn.

Gaharly pursatlar gelip-de geçer,
Garanky günlere Gün nurun seçer,
Aýly agşam Aýam şöhlesin saçar
Aýym-Günüm sensiz dogsa aglaryn.

Döwlet aýdar, ýaşaryn diňe seň üçin,
Ter çemen bogaryn diňe seň üçin,
Şygyrlar düzerin diñe seň üçin,
Şygyrlamda sen bolmasaň aglaryn.
Sensiz goýma sensiz diýip,aglaryn.

Döwlet Ýazgeldiýew 18.04.2021ý

Edebiýat, nekrasow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir